Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Özbegistandan oba hojalyk tehnikalaryny satyn alar


Türkmensitanyň ekin meýdany.
Türkmensitanyň ekin meýdany.

Türkmenistan Özbegistandan oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň uly tapgyryny satyn alar.

Bu baradaky degişli karara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol goýdy.

Dokumente laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligine Türkmenistanyň prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji Kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resmi maglumatda munuň bilen baglylykdaky bahalar mälim edilmedi.

XS
SM
MD
LG