Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Ýewropa gaz ibermegiň mümkinçiliklerine seredýär


Ýagşygeldi Kakaýew

Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça maslahatçysy Ýagşygeldi Kakaýew 12 – 15-nji noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda geçirilýän “Abu Dabi Halkara nebitgaz maslahatynda” (ADIPEC) eden çykyşynda Türkmenistanyň Ýewropa gaz ibermek mümkinçiliklerine seredýändigini aýtdy.

“Biz Ýewropa çykýan eksport ugurlaryna seredýäris, Ýewrokomissiýa bilen hem-de bu meselä degişli beýleki üstaşyr ýurtlar bilen işjeň gepleşikleri geçirýäris” diýip, 12-nji noýabrda Orsýetiň TASS habar gullugy Kakaýewiň sözlerini getirdi.

Ýewropa gaz ibermegiň ugurlary

Ýatlasak, şu ýylyň 11 – 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Brýussele sapar edip, onuň dowamynda ÝB-niň daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Federika Mogerini hem-de Energetika birleşigi boýunça Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şewçowiç we beýleki energiýa resmileri bilen aýrybaşga duşuşyklary geçiripdi.

Hazar deňziniň üstünden Azerbaýjana çekilmegi göz öňünde tutulýan Trans-hazar suwasty gazgeçirijisiniň üsti bilen türkmen gazyny Ýewropa ibermek göz öňünde tutulýardy. Ýewropa ugry boýunça durmuşa geçiriljek taslamanyň Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä - TANAP gazgeçirijisine birikdirilip, ondan aňryk Ýewropa çykarmak göz öňünde tutulýar.

Kakaýew Ýewropa ugry boýunça degişli üstaşyr ýurtlar bilen Türkmenistanyň işjeň gepleşikleri geçirýändigini aýtdy.

Ýatlasak, 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Bakuwa sapar edip, Azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy hem-de, taraplaryň metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, gyzyklanma bidirilýän meseleleri, şol sanda Hazarda hyzmatdaşlygy maslahat etdi.

9-njy noýabrda bolsa Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirip, Trans-hazar arkaly türkmen gazyny TANAP-a birikdirmegiň mümkinçiliklerini maslahat etdi.

Transhazaryň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna 30 ýylyň dowamynda her ýyl 30 milliard kub metr türkmen gazyny ibermek göz öňünde tutulýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda türkmen resmileri Türkmenistanyň Orsýetiň üstünden hem Ýewropa gaz akdyrmagynyň mümkindigini aýdypdy.

“Gazpromyň” türkmen gazyny import etmäge täzeden girişmegi ‘mümkin’

Beýleki bir tarapdan, mundan ozal, Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabada eden saparynyň dowamynda metbugatda eden çykyşynda Orsýetiň türkmen tebigy gazyny 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, täzeden import etmäge girişmek ähtimallygy barada gürrüň edipdi.

12-nji noýabrda Abu Dabide geçirilýän maslahatda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda türkmen prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça maslahatçysy Ýagşygeldi Kakaýew “Türkmengaz” bilen “Gazpromyň” arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine-de gysgaça degip geçdi.

Onuň sözlerinden mälim bolşuna görä, Orsýetiň “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň taraplaryň arasynda gazyň bahasy bilen bagly dowam edýän halkara kazyýet işi boýunça oňşukly ylalaşmaklary mümkin.

Kakaýew habarçylara beren gürrüňinde bu meseläni göz öňünde tutup, “Meniň pikirimçe, oňşukly ylalaşyk bolar” diýipdir.

2016-njy ýylyň iýul aýynda “Gazprom” Türkmenistandan satyn alýan gazynyň bahasyna täzeden seredilmegini we $5 milliard möçberindäki tölegiň yzyna gaýtarylmagyny talap edip, Stokgolmdaky arbitraž suduna şikaýat arzasyny beripdi.

TOPH gazgeçirijisi

Beýleki bir tarapdan, Türkmenistanyň Owganystan – Pakistan – Hindistan ugry boýunça üstünde işleýän TOPH taslamasynda hem täzelikler bolup geçýär.

Orsýetiň TASS habar gullugynyň 13-nji noýabrda ýazmagyna görä, taslamanyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow Abu Dabide žurnalistlere beren gürrüňinde bu proýektiň gurluşygynyň bahasynyň häzirki wagtda 7 milliard dollara durýandygyny aýdypdyr. Mundan ozal, bu taslamanyň bahasynyň 10 milliarda barabardygy aýdylýardy.

Umumy uzynlygy 1814 kilometre deň bolan TOPH gaz geçirijisiniň 774 kilometrlik bölegi Owganystanyň üstünden geçýär. Bu taslamanyň üsti bilen ýylda 33 milliard kub metrlik gazy degişli ugurlara ibermek göz öňünde tutulýar. Ýöne energiýa bilermenleriň aýtmagyna görä, Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary bu taslama bökdençlik döredýär.

TDH-nyň maglumatlaryna görä, 12-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda prezident Berdimuhamedow “TOPH taslamasyny amala aşyrmagyň okgunly depgininden” kanagatlanýandygyny aýdypdyr. Ýöne taslamanyň tamamamlanandygy aýdylýan türkmen bölegi döwlet telewideniýesinde göze ilmeýär.

Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistan häzirki wagtda diňe Hytaýa gaz satýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG