Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýene ýolbaşçy işgärler täzelendi


Prezident G. Berdimuhamedow öz bellän ýolbaşçy işgärlerini yzygiderli täzeläp durýar.
Prezident G. Berdimuhamedow öz bellän ýolbaşçy işgärlerini yzygiderli täzeläp durýar.

Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministri Öwezmyrat Enermyradow wezipesinden boşadyldy, TDH-nyň maglumatynda onuň başga işe geçýändigi habar berilýär.

Şeýle-de, döwlet eýeçiligindäki medianyň maglumatyna görä, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi Soltanmyrat Babajanow wezipesinden boşadyldy.

Ýöne onuň wezipesinden "işde goýberen kemçilikleri üçin" boşadylandygy aýdylýar.

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesine Serdar Meredow bellenildi, prezident G.Berdimuhamedowyň 16-njy noýabrda gol çeken kararyna laýyklykda, ol Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanda wise-premýerler, ministler we häkimler, şol sanda media gurluşlarynyň we beýleki döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary yzygiderli täzelenip durýar. Olaryň käbirniň işde kemçilik goýberendigi aýdylsa, beýlekileri “başga işe geçýändigi üçin” diýlip, wezipesinden çetleşdirilýär.

XS
SM
MD
LG