Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Skopýjede Makedoniýanyň adynyň üýtgedilmegine garşy protest geçdi


Demonstrantlar parlament binasynyň öňünde ýygnanyp, irki ähliumumy saýlawlaryň geçirilmegine çagyryş etdiler.
Demonstrantlar parlament binasynyň öňünde ýygnanyp, irki ähliumumy saýlawlaryň geçirilmegine çagyryş etdiler.

Makedoniýanyň paýtagty Skopýede müň töweregi adam goňşy Gresiýa bilen ýurduň adyny üýtgetmek boýunça gelnen ylalaşyga garşy protest geçirdiler.

Demonstrantlar parlament binasynyň öňünde ýygnanyp, irki ähliumumy saýlawlaryň geçirilmegine çagyryş etdiler.

19-njy oktýabrda deputatlar sesleriň 80-39 gatnaşygy bilen, ýurduň adynyň üýtgetmek boýunça konstitusiýa degişli düzedişleri girizmek taslamasyny kabul edipdiler.

Premýer-ministr Zoran Zaýewiň hökümetiniň ýurduň adyny Demirgazyk Makedoniýa diýip üýtgetmek planlaryna oppozisiýadaky milletçiler çürt-kesik garşy çykyp gelýärler.

Degişli düzedişler taýýar edilenden soň, parlament olar boýunça ýene bir gezek ses berilişigi geçirmeli. Munuň ýanwarda boljakdygy çaklanylýar.

Makedoniýanyň adynyň üýtgedilmegi bilen onuň goňşusy Gresiýa bilen uzak ýyllap dowam edýän konflikti hem tamamlanar. Afinylar hem öz gezeginde Makedoniýanyň NATO we Ýewropa Bileleşigine goşulmak tagallalaryny böwetlemegini bes eder.

XS
SM
MD
LG