Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada ýangyç protestlerinde bir adam öldi, ýüzlerçesi ýaralandy


Fransiýaly protestçiler Denges şäherinde ýoly petikleýärler. 17-nji noýabr, 2018 ý.

Fransiýada ýangyç serişdeleriniň bahalarynyň gymmatlamagyna garşy geçirilen protestleriň dowamynda bir adam öldi, başga-da 400-e golaýy, şol sanda 14-si agyr ýaralandy.

Içeri işler ministrligi 300 protestçiniň sorag edilendigini, şeýle-de olaryň 157-siniň tussaghana ýerleşdirilendigini mälim etdi.

Ministirlik ýurduň 2 müň töweregi künjeginde 228 müň-e golaý adamyň köçelere çykandygyny habar berdi.

Protestleriň aglabasy parahatçylykly geçse-de, sürüjileriň käbiri ýollary böwetlän protestçileriň üstünden geçmäge synanyşdylar.

Fransiýanyň hökümeti daşky gurşaw üçin has arassa ýangyçlary we ulaglary ilerletmek maksady bilen, uglewodorod serişdeleriniň salgydyny artdyrypdy. Şeýle-de, ol 2019-njy ýylyň ýanwarynda benziniň nyrhlarynyň hem artdyryljakdygyny aýdypdy.

Fransiýanyň ykdysadyýetini galkyndyrjak wadalary bilen geçen ýyl häkimiýet başyna gelen prezident Emmanuel Makronyň meşhurlylygynyň, pikir soralyşyklaryň netijelerine görä, soňky döwür pese gaçandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG