Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistana sapar edýär


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew. Arhiw suraty
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew. Arhiw suraty

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew çarşenbe güni iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.

Ol Aşgabadyň halkara aeroportunda wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow we beýleki resmi adamlar tarapyndan garşy alyndy, mertebeli myhmanyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

TDH 22-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň azerbaýjanly kärdeşi bilen gepleşik geçirýändigini habar berdi.

Metbugat habarlaryna görä, sapar türkmen tarapynyň çakylygy boýunça, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy meselelerini, döwletara hyzmatdaşlygyny mundan aňryk hem ösdürmek mümkinçiliklerini ýokary derejede maslahatlaşmak maksady bilen amala aşyrylýar.

Daşary işler ministri R.Meredow Azerbaýjanyň prezidentiniň Türkmenistana etjek resmi sapary barada 17-nji noýabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, sapar netijesinde özara hyzmatdaşlygy mundan aňryk hem ösdürmek maksady bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekiler.

XS
SM
MD
LG