Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan metjidinde guralan hüjümiň jogapkärçiligini YD öz boýnuna aldy


Host. 23-nji noýabrda, juma namazy mahalynda özüni partladan hüjümçi onlarça adamy öldürdi.
Host. 23-nji noýabrda, juma namazy mahalynda özüni partladan hüjümçi onlarça adamy öldürdi.

Owganystanyň Host welaýatyndaky harby bazada ýerleşýän metjidiň içinde guralan kast ediş hüjüminiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremist topary öü üstüne aldy.

23-nji noýabrda, juma namazy mahalynda özüni partladan hüjümçi onlarça adamy öldürdi. Habar serişdeleriniň käbiri owgan resmilerine salgylanyp, ölenleriň sanyny 26, ýaraly bolanlary 50-den gowrak diýip görkezdi.

“Yslam döwleti” toparynyň “Amak” websaýtynda 24-nji noýabrda çap edilen beýanatda harby bazadaky metjide sümüp girip, namaz okaýan esgerleriň arasynda özüni partladan kast edijiniň “50 töweregi” adamy öldürendigi, 110 çemesi adamy bolsa ýaralandygy aýdylýar.

Owgan prezidenti Aşraf Gani bu hüjümi “yslama garşy we ynsançylyga sygmaýan jenaýat” hökmünde ýazgardy we derňew geçirip, harby bazadaky howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagynyň sebäplerini anyklamagy hem-de günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegini talap etdi.

Bu hüjüm janyndan geçen bombaçynyň Kabulda dindar alymlaryň ýygnanyşygyny nyşana alyp, azyndan 50 adamy öldürmeginiň, 80 adamy ýaralamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG