Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaýly gyrgyzlar Jeenbekowdan ýakynlaryna ýardam etmegini soradylar


Hytaýdaky etniki gyrgyzlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinden gelen etniki gyrgyzlar Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekowa ýüzlenip, Hytaýdaky “täzeden terbiýeleýiş” lagerlerinde saklanylýan ýakynlarynyň azat edilmegi ugrunda tagalla etmäge çagyrdylar.

Jeenbekowa ýollanan açyk hatda Şinjiangdaky lagerlerde azyndan 50 müň töweregi etniki gyrgyzyň saklanýandygy aýdylýar.

Hatyň awtorlary bu lagerdäkileriň daşky dünýäden üzňelikde saklanýandyklaryny hem belleýärler.

Soňky hepdeleriň dowamynda Şinjiangdan gelen gazak repatriantlary hem Almatyda ençeme köpçülikleýin çärelerini geçirip, gazak we Günbatar hökümetlerinden Hytaýdaky lagerlerden ýakynlaryny çykarmaga hemaýat bermeklerini soradylar.

Awgust aýynda BMG Hytaýyň “ekstremizme garşy merkezlerinde” Şinjiang sebitinden bolan 1 milliondan gowrak musulmanyň saklanýandygyny we başga-da millionlarça musulmanyň “täzeden terbiýeleýiş” lagerlerine mejbur edilýändigini aýdypdy.

Hytaý bulary ret edýär.

Şinjiangda 200 müň töweregi etniki gyrgyz ýaşaşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG