Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda aýyplanýanlaryň ellerini kesmeginden soň sud yza süýşürildi


(çepden saga) Kenžebek Abişew, Almat Žumagulow we Oralbek Omirow. Almaty. 4-nji oktýabr, 2018 ý.
(çepden saga) Kenžebek Abişew, Almat Žumagulow we Oralbek Omirow. Almaty. 4-nji oktýabr, 2018 ý.

Gazagystanda terrorizm propogandasynda aýyplanýan üç gazagyň ikisiniň suduň zalynda ýiti demir bölekleri bilen ellerini kesmeginden soň, olaryň üstünden geçýän sud diňlenişigi yza süýşürildi.

Aýyplanýanlaryň aklawçysy Gülnara Žuaspaýewanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Almat Žumagulow we Oralbek Omirow, suduň olaryň goşmaça şaýatlary we ekspertleri çagyrmak haýyşyny ret edenden soň, ellerini ýaralapdyrlar.

Aýyplanýanlaryň ikisine-de medisina kömegi berildi.

“Mundan soň, sud näbelli wagta çenli yza süýşürildi” diýip, Žuaspaýewa aýtdy.

44 ýaşly Žumagulow, 48 ýaşly Omirow we 52 ýaşly Kenžebek Abişew 2017-nji ýylyň noýabrynda tussag edilipdiler. Olara dini ekstremizmi we terrorizmi propoganda etmekde aýyplama bildirilýär. Žumagulow milletara ýigrenji möwjetmekde hem aýyplanýar.

Aýyplanýanlaryň üçüsisi hem Gazagystanyň iň uly şäheri – Almatynyň ýaşaýjylarydyr.

XS
SM
MD
LG