Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda sünni ruhanasy öldürildi


Eýranyň kartasy

Eýranyň demirgazygyndaky Gülistan welaýatynda bir sünni ruhanasy atylyp öldürildi.

Eýranyň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Reza Abad obasynda Abdolghafour Jamalzaýiniň arkasyndan aw tüpeňi bilen atylypdyr.

Resmiler etniki buluç Jamalzaýiniň metjitden dolanyp gelýän pursady, oňa dört gezek ot açylandygyny aýtdylar.

IRNA agentligi jenaýata “şahsy ýa-da tire-taýpa duşmançylygynyň” sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

Ýerli resmiler Jamalzaýiniň öldürilmeginiň sebäpleriniň häzirlikçe belli däldigini aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG