Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp tutulan ukrain deňizçileri sebäpli Putin bilen duşuşygyny ýatyrmak haýbatyny atýar 


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Orsýetiň şu hepde ukrain deňizçilerini ýesir almagy sebäpli, rus prezidenti Wladimir Putin bilen Argentinada, Uly ýigrimiligiň sammiti mahalynda planlaşdyrylan duşuşygyny goýbolsun etmek haýbatyny atýar.

Prezident Trampyň “The Washington Post” gazetinde çap edilen söhbetdeşliginde aýdan sözleri ukrain prezidentiniň 27-nji noýabr güni giçlik Orsýet bilen “doly möçberindäki uruş howpuny” duýduran wagtyna gabat geldi.

Ýewropa ýurtlary bolsa, Ukrainanyň harby gämileriniň saklanmagy sebäpli, Orsýete garşy täze sanksiýalar tapgyryny girizmegiň pikiri edýäniklerini aýdýarlar.

Tramp “Post” gazetine Putin bilen duşuşyga gitmezinden öň öz milli howpsuzlyk toparynyň bu hadysa barada doly hasabatyna garaşýandygyny aýtdy. Bu duşuşykda iki lideriň ýaraglara kontrollyk meselesinden başlap, Siriýadaky we Ukrainadaky konfliktlere çenli, bir topar meseläni ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

"Bu örän kesgitleýji bolar" diýip, Tramp gazete aýtdy. “Belki-de men bu duşuşygy geçirmegin... Men bu agressiýany halamaýaryn. Men beýle agressiýany asla islemeýärin” diýip, ol aýtdy.

Tramp, planlaşdyrylyşyna görä, Putin bilen Buenos Airesde, 30-njy noýabrdan 1-nji dekabra çenli geçiriljek G20 sammti mahalynda duşuşmaly.

Onuň planlaşdyrylan duşuşygy goýbolsun etmek baradaky sözleri rus sudunyň 27-nji noýabrda, biraz öň rus goşunlary tarapyndan saklanan 24 ukrain deňizçisiniň 12-sine iki aýlyk türmede saklamak hökümini çykaran wagtyna gabat geldi.

Orsýet ukrain deňizçileriniň Krymyň golaýyndaky territorial suwalara girip, deňiz prowakasiýasyny edendigini aýdýar. Mälim bolşy ýaly, Moskwa Krymy 2014-nji ýylda güýç bilen anneksiýa etdi we dünýä döwletleriniň köpüsi bu hereketi goldamady.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko 27-nji noýabr güni giçlik, Orsýetiň bu sebitde goşun toplamagyna salgylanyp, bu hadysanyň “doly möçberindäki urşa” ýazmak ähtimallygyny duýdurdy.

"Men kimdir birleriniň bulary oýun ýa tomaşa diýip pikir etmegini islemeýärin. Ukraina Orsýet Federasiýasy bilen doly möçberindäki uruş howpunyň öňüsyrasynda dur” diýip, prezident ukrain milli telewideniýesi bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

"Biziň serhedimiziň boýunda ýerleşdirilen [rus] harby birikmeleriniň sany birden gaty köpeldi" diýip, ol aýtdy we bu sebitdäki rus tanklarynyň sanynyň üç esse artandygyny hem sözüne goşdy.

Poroşenko bir gün öň ýurduň ähtimal bolan rus hüjüminiň öňünde gowuşgynsyz diýip bilinýän böleklerinde 30 günlük harby düzgün girizmek meselesinde ukrain parlamentiniň goldawyny aldy.

Kiýew bilen Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasynda dört ýyldan gowrak bäri dowam edýän urşuň çäginde Krymyň golaýyndaky suwlarda bolan çaknyşyk bu künjekde rus we ukrain güýçleriniň arasynda dörän ilkinji gapma-garşylyk boldy.

Gündogar Ukrainadaky çaknyşyklarda 10,300-den gowrak adam öldürildi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG