Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Ukrainanyň arkasyny çalyp, deňizçileri azat etmäge çagyrdy


Orsýet Gara deňzinde, Moskwanyň kontrollygyndaky Krym ýarymadasynyň kenarlarynda Ukrainanyň gämilerine ot açyp, 23 deňizçisini ýesir alanyndan soňra Günbatar döwletleri Ukrainanyň arkasyny tutdylar.

Günbatar liderleri 26-njy noýabrda Birleşen Milletler Guramasynda we beren beýanatlarynda Orsýetiň bu hereketini ýazgaryp, ony Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we halkara deňiz şertnamalaryny “gödek” bozmak diýip atlandyrdylar, şeýle hem Moskwany tussag edilen deňizçileri dessine boşatmaga çagyrdylar.

25-nji noýabrda Orsýetiň 2014-nji ýylda basyp alan Krym ýarymadasynyň kenarlarynda ors serhetçileri ukrain gämilerine ot açdylar. Ondan soň hem Orsýetiň ýörite güýçleri ukrain gämilerini zabt etdiler. Netijede, alty ukrainaly ýaralandy.

Ukraina muny Orsýetiň “agressiýa hereketi” diýip atlandyryp, ýurduň käbir böleklerinde harby ýagdaý yglan etdi. Moskwa gämileriň öz territorial suwlaryna bikanun girendigini aýdýar.

Çaknyşyk ukrain güýçleriniň ýurduň gündogar regionlarynda Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen uruşýan mahalynda bolýar. Bu konfliktde 2014-nji ýyldan bäri 10300-den köpräk adam öldi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo bir beýanatda “Orsýetiň bu agressiw hereketini” ýazgaryp, Moskwany gämileri we ekipažy gaýtaryp bermäge, Ukrainanyň “halkara derejesinde ykrar edilen serhetlerini” hormatlamaga çagyrdy.

Pompeo iki tarap-da “köşeşip, öz üstlerine alan halkara borçlaryna” wepaly galmaly diýip, sözüniň üstüne goşdy. Ol şeýle hem ors prezidenti Wladimir Putin bilen ukrain prezidenti Petro Poroşenko “ýagdaýy çözmek üçin özara iş alyp barmaly” diýdi.

Amerikanyň ilçisi Nikki Haleý Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň duşuşygynda eden çykyşynda hadysany “özygtyýar ukrain territoriýasynyň gödek bozulmagy” we Orsýetiň Ukraina bilen bolan konflikti oýlanyşyksyz ýaramazlaşdyrmagy” diýip atlandyrdy.

Britaniýanyň BMG-däki ilçisi Jonathan Allen hem Orsýet “Krymy özüne bikanun birikdirmegini berkitmek we Azow deňzini anneksiýa etmek” isleýär diýdi. Azow deňzinde Ukrainayň birnäçe porty bar.

Allen halkara arkalaşygy muny kabul etmez diýip, Orsýete “territoriýalarda täze hakykaty döretmek bilen taryhy gaýtadan ýazmaga rugsat edilmeli däl” diýdi.

Bu beýanatlar Ukrainanyň parlamenti Poroşenkonyň ýurduň “Orsýetiň agressiýasyndan” ejir çekmegi mümkin regionlarynda 28-nji noýabrdan başlap, 30 günläp harby ýagdaýy girizmek baradaky haýyşyny oňlanyndan soňra edildi.

Kreml 27-nji noýabrda Putiniň Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen geçiren telefon gepleşiginde Ukrainanyň bu karary hakda “çynlakaý alada” bildirendigini aýtdy.

Bir beýannamada bellenmegine görä, ors lideri “Berlin ukrain häkimiýetlerine täsir edip, olary oýlanyşyksyz hereketlerden saklar” diýip umyt edýändigini aýdypdyr.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow žurnalistlere: “Dürli regionlarda harby ýagdaýyň girizilmeginiň konfliktli regionda, Ukrainanyň günorta-gündogarynda dartgynlygyň artmagyna getirmegi mümkin” diýdi.

Azow deňziniň kenaryndaky Berdýanska sebitindäki barlag-gözegçilik nokady
Azow deňziniň kenaryndaky Berdýanska sebitindäki barlag-gözegçilik nokady

Bu aralykda Orsýetiň döwlet tarapyndan dolandyrylýan telekanaly “Rossia-24” saklanýan ukrainleriň birnäçesiniň suratlaryny görkezdi. Bu suratlar saklanýan ukrainler Orsýetiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan soraga çekilen mahalynda alnan bolmagy ähtimal.

Olaryň biri: “Ukrainanyň harby gämileriniň Kerç aýlagyndaky hereketleri öjükdiriji häsiýetlidi” diýmek bilen, ors häkimiýetleriniň aýdýanyny gaýtalady.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy (SBU) ýesir alnanlaryň arasynda özüniň birnäçe ofiseriniň bardygyny tassyklady.

SBU-nyň başlygy Wasyl Hrystak bir beýanatda Orsýetiň bir uçary ukrain gämilerine iki raketa atanynda, olaryň biriniň agyr ýaralanandygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogerini Orsýetiň Ukrainanyň ekipažyny ýesir almagyny “kabul ederliksiz” diýip atlandyryp, Moskwany bu “tutulanlary dessine boşatmaga” we olary medisina kömegi bilen üpjün etmäge çagyrdy.

Ol şeýle hem iki tarapa-da Ýewropada urşuň möwjemeginiň öňüni almak üçin oýlanyşykly hereket etmegi ündedi.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Orsýet: “Öz hereketleriniň netijeleriniň boljakdygyna düşünmelidir. Biz öz goldawymyzy görkezmek üçin ukrain hökümeti bilen gatnaşykda bolarys” diýdi.

Amerikanyň beýleki resmileri Ukrainanyň arkasyny berk çalsalar-da, prezident Donald Tramp iki manylyrak gürledi.

“Nähili-de bolsa, biz bolýan zatlary halamyzok. Bular düzeler diýip umyt edýäris. Ýewropanyň gorkmaýandygyny bilýärin. Bu barada olar-da iş alyp barýarlar. Biziň hemmämiz bilelikde bu barada iş alyp barýarys” diýip, Tramp aýtdy.

Häzir BMG-de Orsýetiň ilçisiniň wezipesini ýerine ýetirýän Dmitriý Polýanskiý Ukrainanyň harby deňiz güýçlerini “agressiw prowokasiýany sahnalaşdyranlykda” aýyplap, munuň Ukrainada martda geçjek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda Poroşenko üçin jemgyýetçiligiň goldawyny gazanmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Polýanskiý: “Häkimiýet başynda galmaga olaryň mundan başga umydy ýok” diýdi.

Ol şol bir wagtda-da, Günbatar liderlerini özleriniň Kiýewdäki “oýnatgysyny” goldamagyny ýazgardy.

“Men size duýduryş bermek isleýärin. Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar bilen utgaşyklykda Kiýew tarapyndan Orsýet bilen bolan konflikti artdyrmak üçin alnyp barylýan syýasat aşa çynlakaý netijelerden doludyr” diýip, Polýanskiý aýtdy.

XS
SM
MD
LG