Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda balygyň bahasy soňky bir ýarym aýda tas üç esse gymmatlady


Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda balygyň bahasy bir ýarym aýyň dowamynda tas üç esse gymmatlady diýip, Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda habarlaşan ýerli ýaşaýjy aýdýar.

“Balygyň bahasy pese düşmän, gün-günden diýen ýaly ýokarlanýar. Häzirki wagt balyklaryň 1 kilogramynyň bahasy 100 manada çenli baryp ýetýär. Meselem, Türkmenabadyň il içinde “Gök bazary” ady bilen tanalýan “Merkezi daýhan bazarynda” sentýabryň ahyrynda ak balygyň 1 kilogramy 23-25 manatdan, lakga balygyň 1 kilogramy 30 manatdan, kepir balygyň 1 kilogramy 20 manatdan satylýardy. Noýabryň ortalarynda olaryň her biriniň 1 kilogramyny 80-100 manat aralygynda satyn alyp bolýar” diýip, türkmenabatly söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Ol käbir balyklaryň 20 manatdan hem satylýandygyny, ýöne olaryň hiliniň örän pesdigini, göwrüminiň kiçidigini hem-de öz wagtynda satylman galan, zaýalanjak bolup duran balyklardygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Aýdylmagyna görä, balyk söwdasy bilen meşgullanýanlar ýa-da balykçylar bahalaryň birden tas üç esse ýokarlanmagynyň sebäplerini Amyderýada we suw howdanlarynda balygyň azlygy bilen düşündirýärler.

“Galyberse-de, olar soňky döwürde Aşgabatdan gelen ýörite komissiýanyň Lebabyň “Gazojak” we “Zeýd” suw howdanlarynda balyk tutmaga rugsat bermeýändigini aýdýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, balygyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde onuň söwdasy hem ýaramazlaşdy. Adamlaryň aglaba böleginiň balyklary satyn almaga “gurby çatmaýar”.

“Öňler söwda gowy bolýardy, balyk arzan, müşderi köpdi. Häzir bolsa balyklar dur, adamlar alsalaram birini-ikisini alýarlar. Geçmän galan balyklary kakadyp, halas etjek bolýarys” diýip, Türkmenabadyň “Merkezi daýhan bazarynda” balyk söwdasy bilen meşgullanýan özüni Arslan diýip tanyşdyran lebaply söwdagär aýdýar.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki wagtda balygyň bahasy 1 kg süňksiz jylka sygyr etinden hem ortaça iki esse gymmat. Türkmenabadyň bazarlarynda süňksiz jylka sygyr etiniň 1 kilogramy 35-40, süňkli sygyr etiniň 1 kilogramy 30 manatdan satylýar.

“Balygyň bahasynyň sygyr ýa-da goýun etiniň bahasyndan-da has gymmat bolmagy bilen bagly ýagdaýa soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek duş gelse bolýar” diýip, lebaply söhbetdeşimiz sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Balykçylyk hojalygy döwlet komitetinden haýsydyr bir kommentariýa almak başartmady.

Ýatladyp geçsek, ýurtda balygyň bahasynyň gymmatlaýandygy barada Azatlyk Radiosy awgust aýynyň ahyrynda hem habar beripdi. Şonda Aşgabatdaky habarçymyz geçen ýyl 1 kilogramy 15 manatdan satylan ýönekeý ortaça balygyň 26-35 manat aralygynda bahalanýandygyny, paýtagtda bu bahanyň 40 manada çenli baryp ýetýändigini gürrüň beripdi.

Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) özüniň 12-nji iýulda çap eden maglumatynda Aşgabatda Awçylaryň we balykçylarynyň birleşen jemgyýetiniň 19-njy gurultaýynyň geçirilendigini habar berdi. Onda Balykçylyk hojalygy döwlet komitetiniň bir ihtiology Lebap welaýatynda Amyderýada balyklaryň işbil taşlaýan ýerlerinde ownuk balyklary iýmitlendirmek üçin emeli şertleri döretmegiň zerurlygyny belläpdir.

XS
SM
MD
LG