Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Trampyň Putin bilen duşuşygyny ýatyrmagyna ‘gynanandygyny’ aýdýar


Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow

Kreml ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň nobatdaky G-20 sammitiniň çäklerindäki prezident Wladimir Putin bilen planlaşdyrylan duşuşygyny ýatyrmagyna gynandygyny aýtdy.

“Bu halkara we ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň gün tertibindäki maslahat edilmeli möhüm meseleleriň näbelli wagta çenli yza süýşürilendigini aňladýar” diýip, Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow çykyş etdi.

Tramp, Russiýanyň ukrain deňizçilerini tussag etmeginden soň, şu hepde Argentinada geçjek G-20 sammtiniň çäklerinde Putin bilen planlaşdyrylan duşuşygyny ýatyrýandygyny mälim edipdi.

Geçen ýekşenbe güni Russiýanyň 2014-nji ýylda basyp alan Krym ýarymadasynyň kenarlarynda rus serhetçileri ukrain gämilerine ot açyp, olary, şeýle-de ekipaž agzalaryny ele geçiripdiler.

XS
SM
MD
LG