Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gürjüstanda müňlerçe adam “ogurlanan saýlawlara” garşy protest geçirýär


Protestçiler. Tblisi. 2-nji dekabr, 2018 ý.

Gürjüstanyň paýtagtynda müňlerçe demonstrant geçen hepde geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda galplyklaryň bolandygyny aýdyp, protest geçirdiler. Saýlawlarda häkimiýet başyndaky partiýanyň goldamagyndaky Salome Zurabişwiliniň ýeňiş gazanandygy yglan edilipdi.

Tblisiniň merkezindäki parlament binasynyň öňüne ýygnanan protestçiler irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegini we täze saýlaw kanunynyň kabul edilmegini talap etdiler.

Saýlaw resmileri Fransiýada doglan Zurabişwiliniň 29-njy noýabrdaky saýlawlarda sesleriň 59.5%-ni alandygyny mälim etdiler.

Ozalky prezident Mihaýil Saakaşwiliniň esaslandyran “Birleşen Milli Hereket” partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýa toparlarynyň dalaşgäri Grigol Waşadze sesleriň 40.5%-ni alypdyr.

Waşadze “ogurlanan” diýip häsiýetlendiren saýlawlaryň netijeleriniň ýatyrylmagyny we irki ähliumumy saýlawlaryň geçirilmegini talap etdi. Ol resmileriň Gürjüstanyň saýlaw ulgamyny gözden geçirip, 16-njy dekabra çenli oppozisiýa bilen gepleşikleri geçirjek işçi toparyny esaslandyrmagyny hem sorady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG