Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmisi borçnamanyň ýerine ýetirilendigine garamazdan, pagta ýygymynyň dowam edýändigini aýtdy


Lebap welaýatynda pagta ýygýan ýaşaýjylar. Arhiwden alnan surat.
Lebap welaýatynda pagta ýygýan ýaşaýjylar. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurduň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berip, pagta ýygymynyň heniz hem dowam edýändigini aýtdy. Türkmen resmisiniň eden bu çykyşy ýurtda pagta plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendiginiň yglan edilendigine garamazdan, býujet işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna çekilmeginiň heniz hem dowam edýändigi baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“Ähli ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin degişli çäreler görülýär, gymmatly çig maly pagtany kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz ibermek üpjün edilýär” diýip, Esenmyrat Orazgeldiýew 30-njy noýabrda geçirilen hökümet ýygnagynda aýtdy.

Ýatladyp geçsek, 9-njy noýabrda döwlet resmileri ýurt boýunça 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta ýygnalyp, bu ýylky borçnamanyň ýerine ýetirilendigini habar berdiler.

Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) bu ýylky pagta plan borçnamasynyň berjaý edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde Hasyl toýunyň toýlanandygyny mälim etdi.

Emma bu ýylky pagta borçnamasynyň ýerine ýetirilip, hasyl toýunyň bellenilendigine garamazdan, howanyň temperaturasy 5 gradusa çenli ýetýän şu günlerde býujet işgärleriniň, şol sanda lukmanlaryň, mugallymlaryň mejbury pagta ýygymyna alnyp gidilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary yzygiderli habar berýärler.

26-njy noýabrda Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy tagtabazarly ýygymçylaryň gowaçanyň gozasyna ilişip galan pagtanyň iň soňky hanasyny, ýagny gozasy açylmadyk gowaçalary açyp, olaryň heniz bişmedik, çig pagtasyny hem ýygmaga mejbur edilýändigini gürrüň berdi.

Şonda habarçy bu ýagdaý sebäpli, esasan-da kärendeçileriň kyn ýagdaýlary başdan geçirýändigini aýdyp, pagta planyny ýerine ýetirmedik kärendeçileriň 15 gün tussaglyga höküm edilmegi ýaly wakalaryň hem bolýandygyny belledi.

Beýleki bir habarçymyz hem, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Mary welaýatynyň Türkmengala, Balkan welaýatynyň Serdar, Lebap welaýatynyň Halaç etraplarynyň käbir ýaşaýjylaryna salgylanyp, degişli etraplarda pagta ýygymynyň noýabr aýynda hem dowam edýändigini aýdypdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda pagta ýygymynyň başlanmagyna awgust aýynyň 31-ne “ak pata” beripdi. Şondan bäri türkmen häkimiýetleri pagta möwsüminiň dowamynda mejbury adam zähmetinden peýdalanmagy dowam etdirýärler. Bu barada garaşsyz habar çeşmeleri, şol sanda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary yzygiderli maglumat berýär.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistany ýurduň oba hojalygynda mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edýärler.

1-nji oktýabrda pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň, şeýle-de çaga zähmetiniň ulanylmagyna garşy iş alyp barýan “Pagta kampaniýasy” atly halkara koalisiýa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka eden saparyna gabatlap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş binasynyň öňünde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň bes edilmegine çagyryp, protest çäresini geçirdi.

2016-njy ýylyň dowamynda dünýä belli “H&M” we “IKEA”, şeýle-de “Adidas”, “Esprit” ýaly global markalar, şol sanda sermaýaçylaryň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň hem-de hukuk goraýjy toparlaryň 60 çemesi wekili Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagy boýunça çykyş etdiler.

XS
SM
MD
LG