Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 11 aýdaky 'ykdysady ösüşden' kanagatlanýandygyny aýdýar


Aşgabat, azyk nobatlary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji dekabrda, Ministrler kabinetiniň 11 aýyň netijelerine bagyşlanan mejlisinde çykyş edip, dünýä ykdysadyýetindäki, hususan-da nebit-gaz pudagyndaky “kemçiliklere” garamazdan, türkmen ykdysadyýetiniň "ýokary ösüş depgininiň saklanyp galýandygyny" aýtdy.

Şeýle-de Berdimuhamedow türkmen ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýynyň artyp, häzir munuň 60% bolandygyny tassyklaýar.

Hökümet maglumatyna görä, ýanwar-noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 17,9 milliard manada, çykdajy bölegi bolsa 16,9 milliard manada deň boldy.

“Umuman,11 aýyň jemleri boýunça kanagatlanarly netijeler gazanyldy we geljek ýyl üçin “hakyky ýagdaýlardan ugur alyp, oýlanyşykly döwlet býujeti kabul edildi” diýip, resmi media prezidentiň sözlerini sitirledi.

Berdimuhamedowyň bu beýanatlary türkmen parlamentinde 2019-njy ýylyň döwlet býujetiniň girdeji böleginiň geçen ýyldakysyndan 12% kemeldilen görnüşde kabul edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ekspertler Türkmenistanyň nebit-gaz nyrhlarynyň bahalarynyň global arzanlamagy we millardlap dollara durýan dürli gurluşyk proýektlerine harçlanan ummasyz ulyserişdeler zerarly öz taryhyndaky iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda ýurtda azyk nobatlary gürleşýär.

Synçylar türkmen hökümetiniň ýylyň dowamynda yzygiderli ýaýradýan ösüş sanlaryna ynanmagyň kyndygyny, olaryň näderejde ygtybalydygyny aýdyp bolmaýandygyny belleýärler.

Azatlyk radiosy bu ösüş sanlary we döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 12 prosent azaldylmagy baradaky pikirini sorap, ykdysatçy Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy “býujet düzülende nireden näme gelmeli, nirä näme gitmeli – hemme zadyň juda anyk bolmalydygyny” nygtady. Emma ol Türkmenistanda beýle düzgünleriň düýpden saklanylmaýandygyny, ýylyň dowamynda oňa seredilmeýändigini aýdýar.

Halkara walýuta fondunyň ekspertleri soňky döwürde Türkmenistanda birnäçe gezek saparda bolup, döwlet harajatlaryny azaltmagy maslahat berdiler.

Bu maslahat netijesinde garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri dowam edýän mugt ýa ýeňillikli berilýän harytlar we hyzmatlar ýatyrylýar. Emma synçylar ýurtda prezidentiň özüniň teklip etmeginde ýa-da tassyklamagyna gurulýan we ýakyn geljekde özüni ödemejek desgalaryň gurluşygynyň doly güýjünde dowam etdirilýändigini aýdýarlar.

Soňky maglumata görä, prezident Berdimuhamedow ýurduň üç welaýatynda dabara-şowhun çäreleri üçin üç sany ak öý binasyny, şeýle-de täze obalary gurmagy dowam etdirmegi tabşyrdy. Mundan öň ol, ozalky kaşaň otelleriň boş durandygyna garamazdan, täze we has gymmat otelleriň gurluşygyny tassklady.

Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä,bu hili gurluşyklar we goşmaça çykdajylar döwlet býujetiniň diňe formallyk bolup galýandygyny aňladýar.

Ikinji tarapdan, adatça bolşy ýaly, Ministrler kabinetiniň mejlisinde ýurduň senagat pudagynyň agsaýandygy boýun alyndy we “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin”, wise-premýer Kerim Durdymyradowa soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç yglan edildi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG