Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow orunbasaryna içerki we daşarky bazarlaryň islegini öwrenmegi tabşyrdy


Türkmenabat, köne zatlaryň bazary.
Türkmenabat, köne zatlaryň bazary.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow 30-njy noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurduň bazarlaryny ilatyň isleg bildirýän köp dürli harytlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

“Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, ýurdumyzyň önüm öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Söwda dükanlary azyk önümleri bilen, şol sanda gök önümler we miweler bilen bolelin üpjün edilýär” diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Şeýle-de, ýurduň Baş arçalaryny gurnamak üçin ter arçalary getirmek işleri alnyp barylýar. Guramalaryň buýurmalary boýunça we erkin söwdada ýerleniljek Täze ýyl sowgatlary taýýarlanylýar. Paýtagtda hem-de welaýatlarda baýramçylyk göçme söwda bölümlerini guramak göz öňünde tutuldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek, içerki we daşarky bazarlaryň islegini öwrenmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Azatlygyň ýerli habarçylary ýurtda azyk, hususan-da un, çörek gytçylygynyň dowam edýändigini, adamlaryň baýramçylyk şatlygynyň az duýulýandygyny habar berýärler.

XS
SM
MD
LG