Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermeni sudy ozalky prezident Koçarýanyň tussaghanada saklanmagy baradaky karary dikeltdi


Robert Koçarýan. Arhiw suraty

Ermenistanyň şikaýat sudy ozalky prezident Robert Koçarýanyň deslapky tussaghanada saklanmagy baradaky karary dikeltdi. Ol ýurduň konstitusion ulgamyny bozmakda aýyplanýar.

Koçarýanyň aklawçysy Haik Alumýan Ýerewanda žurnalistlere suduň 7-nji dekabrda, ýurduň irki parlament saýlawlarynyň geçirilmezinden iki gün öň, öz müşderisini tussag etmek barada karar çykarandygyny aýtdy.

Alumýan bu kararyň üstünden şikaýat ediljekdigini, şol bir wagtda Koçarýanyň polisiýa garaşman, özüniň türmä barandygyny aýtdy.

Koçarýan başda iýulda, öz hökümetiniň soňky hepdelerinde oppozisiýa protestlerini ganly basyp ýatyrmagyndan gelip çykýan aýyplamalar esasynda tussag edildi.Ol 1998-2008-nji ýyllarda prezident boldy.

Ol ermeni goşunyna2008-nji ýylyň fewralynda geçirilen dawaly prezident saýlawlarynda galplyga ýol berlendigini aýdýan protestçileriň garşysyna esgerleri ulanmak buýrugyny bermekde aýyplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG