Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyratda ondan gowrak owgan esgeri öldürildi, 21 esger ýesir alyndy


Şindand etraby. Howpsuzlyk güýçlerini agzalary derňew geçirýär. Arhiw suraty.
Şindand etraby. Howpsuzlyk güýçlerini agzalary derňew geçirýär. Arhiw suraty.

Welaýat resmileri Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynda talyban söweşijileriniň utgaşykly hüjüm gurap, öten agşam owgan goşun barlag nokatlarynyň ikisine hüjüm eedendiklerini aýdýarlar.

Bu hüjümler netijesinde 14 owgan esgeri öldürildi, 21 sany esger bolsa ýesir alyndy.

Najibullah Mohebi, Hyrat geňeşiniň agzasy bu hüjümiň 6-njy dekabrda giçlik, Şindand etrabynda başlanandygyny, bu ýerde iň uly owgan harby-howa bazalarynyň biriniň ýerleşýänduigini aýtdy.

Mohebi söweşleriň alty sagat dowam edendigini we diňe 7-nji dekabr güni irden goşmaça güýç gelip ýetişenden soň yzyna serpikdirilendigini hem sözüne goşdy.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi Ghafor Ahmad Jaweed öldürilen owgan esgerleriniň sanynyň 10 bolandygyny aýdýar.

Şindand etrabynyň häkimi Hekmatullah Hekmat bu hüjüme 200 çemesi talyban söweşijisiniň gatnaşandygyny aýtdy.

Ol söweşiň dowamynda 30 sany talyban söweşijisiniň öldürilendigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG