Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus radiosy: Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy türkmen studentlerine kömek etmeýär


“Euroradio.fm” radiosy Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentleriň okuw we umumy ýaşaýyş jaý töleglerini tölemekde başdan geçirýän kynçylyklary we olara Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynyň kömek etmeýändigi barada ýörite gepleşik taýýarlady.

6-njy dekabrda belarus radiosynyň resmi websaýtynda çap edilen maglumatda Türkmenistandaky ykdysady problemalar sebäpli türkmen banklarynyň plastik kartlardan daşary ýurtlarda nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberine çäklendirmeleri girizendigi we şondan bäri türkmen studentleriniň okuw töleglerini öz wagtynda töläp bilmän kösenýändigi aýdylýar.

“Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy “Gynansakda, bizde bu mesele barada hiç hili maglumat ýok. Biz bu barada kommentariýa berip bilmeýäris” diýdi. Şeýle-de, ilçihana bu mesele boýunça ilçihana ne studentleriň, ne-de ýokary okuw jaýlarynyň işgärleriniň ýüzlenendigini aýtdy” diýlip, habarda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, türkmen ilçihanasy şeýle meseläniň tomus paslynda ýüze çykandygyny, ýokary okuw jaýlarynyň geçirimlilik edýändigini, bu barada özleriniň habarly edilýändigini aýdyp, olaryň “Garaşýandygyny, çydaýandygyny we ähli zadyň kadalydygyny” belledi.

Minsk döwlet lingwistika uniwersitetiniň hasaplaşyk bölüminiň bir işgäriniň aýtmagyna görä, häzirki wagt türkmen studentleri öz plastik bank kartlaryndan günde diňe 30 amerikan dollaryny nagtlaşdyryp bilýärler.

“Şeýlelikde, studentleriň öz okuw töleglerini, mysal üçin 1300 dollary, ýygnamagy üçin ençeme gün gerek bolýar. Mundanam başga, olar ýaşamaly hem ahyryn” diýip, uniwersitetiň hasaplaşyk bölüminiň işgäri belarus radiosyna gürrüň berdi.

Belarusyň döwlet uniwersitetiniň resmileriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň banklaryndaky problemalar sebäpli käte pul tutuş aý gelmeýär. “Tölegleriň gijikmegi sebäpli studentleriň jerimesi artýar. Ýöne biz problemanyň bardygyna düşünýäris. Şol sebäpli studentlere jerime salmaýarys” diýip, Belarusyň döwlet uniwersitetiniň resmisi belarus radiosyna aýtdy.

Habarda türkmenistanly studentlere salgylanylyp, türkmen bank kartlary arkaly daşary ýurtlarda nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberiniň 1 aýda 250 dollara çäklendirilendigi hem bellenilýär.

Azatlyk Radiosy bilen Orsýetden habarlaşan türkmenistanly bir student hem, türkmen plastik bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak bilen baglanyşykly problemanyň bu ýurtda hem dowam edýändigini aýtdy.

“Studentleriň bank kartynda 300 dollar goýlan bolsa-da, olar şu wagt diňe 240 dollary nagtlaşdyryp bilýärler. Ýöne günde däl. Mysal üçin, men şu gün nagt pul alan bolsam, onda diňe iki ýa-da üç günden gaýtadan synanyşyp bilýärin. Öň puly nagtlaşdyrmak birneme aňsatdy. Ýöne şu wagt kynlaşdy” diýip, anonim şertde habarlaşan Orsýetde okaýan student 10-njy dekabrda gürrüň berdi.

2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi söwdasyny ýatyrandan soň, ýurtda dollaryň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanylýan mahaly, onuň “gara bazardaky” bahasy bäş esse gymmatlap, 18 manada ýetdi.

Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara bank kartlary boýunça we ýurduň daşyna ugradyp bolýan puluň möçberine dürli çäklendirmeleri girizdi.

Şondan bäri daşary ýurtlardaky türkmen studentleri özleriniň okuw we ýaşaýyş jaý tölegleriniň tölemekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.

Häzirki wagt Türkmenistanyň plastik bank kartlary we “Western Union” halkara pul geçirmek ulgamy türkmen studentleri üçin resmi kurs arkaly manady dollara çalyşmagyň ýeke täk usullarynyň biri bolup galýar.

Galyberse-de, 10-njy dekabrda Lebap welaýatyndan habarlaşan ýaşaýjy Türkmenabat şäheriniň banklarynyň gapylarynda “Western Union” boýunça daşary ýurtlardaky talyplara pul ugratmak üçin nobatlara diňe telefon arkaly ýazylyp bolýandygy barada bildirişiň peýda bolandygyny habar berdi.

“Mundan 10 gün ozal asylan bildirişde birnäçe telefon belgisi görkezilýär we nobata 10-njy dekabrdan başlap ýazylyp boljakdygy aýdylýar. Ýöne şol telefonlaryň birine hem jaň edip aldyryp bilmedik. Oglumyzyň karty ýapyldy we indi näme etjegimizi bilemizok. Oglum aglap jaň edýär, biziňem elimizden gelýän zat ýok” diýip, özüni Gülnar gelneje diýip tanyşdyran lebaply zenan aýtdy.

Azatlyk Radiosy gürrüňi edilýän bildirişde görkezilen telefon belgilerine ençeme gezek jaň edip, habarlaşmaga synanyşandygyna garamazdan, bu belgilerden jogap alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri türkmen studentleriniň başdan geçirýän kynçylyklary barada häzirki güne çenli dymyp gelýärler.

XS
SM
MD
LG