Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Haýyş Sizden, az bolsa-da, Täze ýylda pulumyzy alar ýaly ediň!"


Türkiýede okaýan türkmen studentleri. Arhiw suraty
Türkiýede okaýan türkmen studentleri. Arhiw suraty

Hormatly Arkadagymyz bu yaly yagdaylardan habar tapsyn!

Biz şu wagt Turkiyede bilim alýarys, ýöne gynansak-da kartlarymyzdan pul çekip bilemizok.

Öňki ay Russia dovletindeki talim alyan studentler puldan gysylypdy, indi bolsa biz 20 gunden bari visa, MasterCard plastik kartlarymyzdan nagt puluny alyp bilemizok.

Bize turkiye vatandaşlary umumy yaşayyş jayyny hem bermeyarler. Gynansak-da, kireyine 7-8 oglan bolup, jay kireyine almaly bolyarys.

Meniñ kakam oyde pensioner, oñki puldan 1 million 700 muñ manat pensiya alya, ozumem öylan sagat 2 den gijeleri sagat 3e cenli kafe stalavotlarda işlemeli bolyaryn.

Irdenem sagat 8:30 da universitetde bolmaly bolya, men işlemane gynanamok, yone sapakda univerde yadav kellä hic zat girenok. yone gynansak-da türk milleti bize synaglarda, kopculikleyin konferanslara gatnaşmasakda bize uly yardam etyarler.

Hemmesine-de mugallym, talyplara kop kop sag bolsun aydyaryn, baş egyarin. Emma biziñ Çuññur hormatlanyan ,,Arkadagymyz" oz pensiyasyndan meniñ jigilerimiñ rysgalyndan tutup maña a z bolsada 50-60$ biziñ kurs bilen gecirenini hem alyp bilemok.

Diñe men dal gapdalymda bolyan turkmem doganlarym hem kartlaryndan 800-900$ pul bolupam 1 cent cekip bilenoklar, bilemok... hayyş sizden başga cydamok.

Şu gepleriñ hemmesini kopculige YouTube kanalyñyza goyuñlar.

Hormatly Arkadagymyz bu yaly yagdaylardan habar tapsyn, gurluşyk firmalarynyñ haramhor yolbaşcylaryna kayinç berenden bize azajyk bolsada ozuniñ agzynda bir agyz gep bilen bityan sozuni ayaman bize daşary yurt student talyplarymyza kömek etsin, etjeginede govnim yetyar.

Biz yaşlar öz dovletimize gerekli yaşlar bolup yetişjegimize soz beryaris, Hayyş sizden, yadadym işlemekden, azyrak bolsada taze yylda Normal adamlar yaly bayramy bellemek isleyaris, size hayyş şu gepleriñ hemmesini kopculikleyin YouTube kanalyñyza goyuñlar.

Taze Yyl bayramlaryñyz hemmamizr gutly bolsun

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG