Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlardaky studentleriň Visa kartlary bilen bagly kösençlikleri dowam edýär


Türkmen banklarynda berilýän kartlar. Illýustrasiýa suraty

Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň maliýe mümkinçilikleri bilen bagly kösençlikleri dowam edýär. Orsýetde okaýan talyplar Türkmenistandan alan Visa kartlaryndan pul nagtlaşdyrmak üçin köp mukdarda komissiýa, ýagny hyzmat göterimini tölemeli bolýar. Beýleki bir tarapdan, soňky aýlarda köp sanly türkmenistanlynyň öz kartlaryndan maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmak üçin Özbegistana ýykgyn etmegi bu ýurtdaky türkmen talyplarynyň kösenmegine getirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmen banklaryndan alnan Visa kartlaryny Orsýetde ulanmagyň bökdençlikleri we soňky aýlarda kartlardan pul nagtlaşdyrmak üçin Özbegistana ýykgyn edip başlan türkmenistanlylar barada 19-njy oktýabrda jikme-jik maglumat berdi.

“Häzirki wagtda Türkmenistandan daşary ýurda iki usul arkaly pul ugratmak mümkinçiligi bar. Olaryň biri Western Union geçirim hyzmatlaryndan peýdalanmak, beýlekisi bank kartlaryna pul geçirmek” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda Western Union tiz geçirim hyzmatlaryndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri para-peşgeş sebäpli çäkli bolmagynda galýar.

“Türkmenistandan berlen Visa kartlary arkaly Orsýetiň bankomatlarynda pul nagtlaşdyrmak üçin türkmen banklaryna 25 % komissiýa tölemeli bolýar” diýip, habarçy şeýle ýagdaýlary başdan geçiren talyplara salgylandy.

Türkmen banklary kartlardan pul nagtlaşdyrmak boýunça hyzmat göterimleriniň ýokarlanandygy barada resmi maglumat çap etmedi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň resmi websahypasynda Standard Visa kartlary arkaly daşary ýurt banklaryndan we bankomatlaryndan nagt pul almak üçin, her bank amalyndan 3 % komissiýa töleginiň talap edilýändigi maglumat berilýär. Ýöne bu maglumatyň soňky sapar haçan täzelendigi mälim däl.

Azatlygyň habarçysy Özbegistandaky talyplaryň pullaryny nagtlaşdyrmak boýunça duçar bolýan kynçylyklary barada özündäki maglumatlar bilen gürrüňe dowam etdi.

“Oktýabr aýyna geçip, studentler Özbegistanda Visa kartlaryndan pul çekip bilenok” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň talyplara salgylanyp berýän maglumatyna görä, olar gündelik özlerine rugsat berilýän 15 dollarlaryny hem nagtlaşdyryp bilmeýärler.

“Soňky aýlarda ýaşaýjylar Visa kartlaryndan pul almak üçin Özbegistana ýykgyn etdiler. Olam studentleriň kösenmegine getirdi” diýip, habarçy aýtdy.

Soňky bir ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistanda Visa kartlary arkaly nagtlaşdyrylýan puluň möçberine çäklendirmeler girizildi. Galyberse-de, geçen döwrüň dowamynda türkmen banklarynyň kartlar bilen bagly komissiýa talaplary hem wagtyň geçmegi bilen ýokarlanmak bilen boldy.

15.01.2016 senesinde kesgitlenen töleg nyrhlary
15.01.2016 senesinde kesgitlenen töleg nyrhlary

​Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda MasterCard we Visa kartlar arkaly edilýän amallaryň komissiýalary, ýagny hyzmat göterimleri boýunça kesgitlän nyrhynda adaty Visa kart arkaly daşary ýurtlaryň banklarynda we bankomatlarynda pul nagtlaşdyrmagyň hyzmat göterimi 1.75 % diýlip kesgitlenipdi.

Bu töleg 2017-nji ýylyň 6-njy fewralynda iki esse ýokarlandyrylyp, daşary ýurtlaryň banklarynda we bankomatlarynda pul nagtlaşdyrmagyň komissiýasy 3 % - e çykaryldy.

TDDYIB-iň 06.02.2017 senesinde kesgitlän nyrhlary
TDDYIB-iň 06.02.2017 senesinde kesgitlän nyrhlary

Şeýle-de, bankyň geçen ýylyň 6-njy fewralynda ýaýradan bildirişinde bir gije-gündiziň dowamynda kartlardan nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberi 250 dollar diýlip çäklendirildi. Wagtyň geçmegi bilen bu çägiň çygry has-da daraldyldy. 2017-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan başlap bir gije-gündiziň dowamynda bankomatlardan nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberi 100 dollara düşürildi. Şol ýylyň dekabr aýynda bu mukdar nagt hasaplaşyklar üçin 50 dollar bilen çäklendirildi.

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň dowamynda dollaryň gara bazardaky nyrhynyň onuň resmi bahasy bilen deňeşdireniňde ep-esli ýokarlanmagy bilen köp sanly türkmenistanlylar bank kartlaryndaky maliýe serişdelerini daşary ýurtlarda nagtlaşdyrmagyň ugruna çykypdy. Munuň bilen bir hatarda häkimiýetler bu ýagdaýyň öňüni almak üçin dürli çäreleri görüpdi.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG