Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ozalky özbek prezidentiniň gyzyna garşy girizilen sanksiýalaryň möhletini uzaltdy


Gülnara Kerimowa

Ak Tam, adam hukuklaryny depeleýän we korrumpirlenen resmilere garşy ABŞ-nyň kanuny esasynda, Özbegistanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň we beýleki döwletleriň emeldarlaryna garşy girizilen maliýe we syýahat gadagançylyklarynyň möhletini uzaltdy.

Geçen ýyl ozalky özbek prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzyna, Russiýanyň baş prokurory Ýuriý Çaýkanyň ogluna, Ukrainanyň polisiýasynyň kommandirine we beýlekilere garşy sanksiýalar kabul edilipdi.

Bu sanksiýalar 2016-njy ýylda kabul edilen Magnintskiý Global Aktynyň çäklerinde girizilipdi.

Bu kanunyň ady 2009-njy ýylda tussaglykda ýogalan rus maglumat berijisi Sergeý Magnitskiniň hormatyna kabul edilipdi. Ol özüniň äşgär eden salgyt galplyklary bilen ilteşikli aýyplanyp, tussag edilipdi.

Russiýa sanksiýalaryň girizilmegini ýazgardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG