Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşynyň jaýrylan ýollary ulag sürüjilerini köseýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag sürüjileri köp wagtdan bäri bejerilmeýän köçeleriň öz ulaglaryny hatardan çykarýandygyny we munuň käte ýol hadysalaryna sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Ýakynda Türkmenbaşa sapar eden balkanly habarçylarymyzyň biri şäheriň tas ähli köçesiniň diýen ýaly sandan çykandygyny, olardaky oýuklaryň doly däl-de, diňe bölekleýin bejerilendigini gürrüň berdi.

“Köçelerdäki oýuklaryň diňe üsti asfalt bilen guýulypdyr. Ýollarda köp wagt bäri abatlaýyş işleri doly görnüşinde geçirilmändir. Şol sebäpli üsti asfalt bilen örtülen soňy bilen ýolda öňküsinden hem ýaramaz büdür-südürleri, jaýryklary emele getiripdir” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy aýtdy.

Şeýle-de, ol Türkmenbaşynyň köçelerinde adatdakysyndan has köp lýugyň, ýagny lagym suwlar geçýän beton guýularyň göze ilýändigini we olaryň gapagynyň kadaly ýapylmaýandygyny hem belledi.

“Şäheriň Magtymguly prospektinden tä Kenar bazaryna çenli aralykda 100-den gowrak lýuk bar. Olar esasan köçäniň edil ortasynda ýerleşdirilipdir. Şeýle-de, lýuklaryň gapagy köçäniň tekizligi bilen deň derejede bolman, 8-10 santimetr aşak sallanyp dur. Bular ulagyň tekerini zaýalaýar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ulag sürüjileri lýugyň üstünden barmajak bolup, her birnäçe metrden ulaglaryny ýoluň beýleki tarapyna sürýärler. Bu bolsa, ýolda howply ýagdaýlary döredýär we käte ýol hadysasynyň emele gelmegine hem getirýär.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan balkanly ulag sürüjileriniň ençemesi bu ýagdaýdan özleriniň närazydygyny, ýöne bu mesele boýunça häkimiýetlere şikaýat bilen ýüzlenen adamlaryň netije alyp bilmändigini aýdýarlar.

“Adamlar üýtgeşiklik bolmajagyny bilip, indi degişli edaralara ýüzlenenoklar. Resmileriň özleri hem bu ugurda çäre görmeýärler” diýip, habarçy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan balkanly hususy taksi eýesi aýtdy.

Türkmenbaşynyň jaýrylan, ýamalan ýollary
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Türkmenbaşynyň köçelerinde kireý edýän taksi sürüjisi ýolardaky büdür-südürler we lýuklaryň gapagynyň aşak sallanyp durmagy sebäpli ulag şaýlarynyň, hususan-da tekerleriň yzygiderli sandan çykýandygyny aýdyp, şeýle diýýär:

“Häzirki wagt ulag tekerlerini bejertmek üçin tas iki aýlyk gazanjyňy – azyndan 3000 manady – sarp etmeli bolýar” diýip, hususy taksi sürüjisi belledi.

Türkmenistanyň hökümet maslahatlarynda degişli resmileriň berýän hasabatlaryndan çen tutulsa, ýurtda her ýyl müňlerçe kilometr ýola daş, asfalt düşelýär, ýollar bejerilýär, köprüler gurulýar.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary we ýerli synçylar şäher, etrap, oba ýollarynyň we köçeleriniň soňky 30-40 ýylda köplenç gözden salnandygyny, olarda yşyklandyryş ulgamynyň kadaly ýola goýulmandygyny aýdýarlar. Şeýle ýollaryň hatarynda Mary welaýatynyň Baýramaly, Tagtabazar, Ýolöten etraplaryndaky we Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket etraplaryndaky köçeleriň ençemesi bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG