Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň Bişkekdäki ilçihanasynyň öňünde protest geçdi


Hytaýdan gelen etniki gyrgyzlar Almatyda metbugat ýygnagyny berýärler. Arhiw suraty.
Hytaýdan gelen etniki gyrgyzlar Almatyda metbugat ýygnagyny berýärler. Arhiw suraty.

Bişkekda Hytaýyň ilçihanasynyň öňünde onlarça aktiwist Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde ýaşaýan milli azlyklaryň, şol sanda etniki gyrgyzlaryň, gazaklaryň we uýgurlaryň “yzarlanmagyny” ýazgaryp, protest geçirdiler.

Demonstrantlaryň ellerinde “Hytaý faşizmine ýol ýok!” we “Dünýä ilaty zalymlyga garşy!” diýen ýazgyly plakatlar hem bardy.

Protestçiler hytaý resmileriniň ýurduň täzeden terbiýeleýiş lagerlerinde saklanýandygy aýdylýan her bir etniki gyrgyz boýunça maglumat bermegini talap etdiler.

Şeýle-de, demonstrantlar Gyrgyzystanda bikanun ýaşaýan daşary ýurtlylary, şol sanda hytaýlylary hem 30 günüň içinde deportasiýa etmäge çagyrdylar.

Awgustda BMG Hytaýyň “terrorçylyga garşy merkezlerinde” milliona golaý şinjiangly musulmanyň, aglaba uýgurlaryň saklanýandygyny aýdypdy.

BMG başga-da millionlarça adamyň täzeden terbiýeleýiş lagerlerine mejbur edilýändigini belläpdi.

Hytaý bu maglumatlary inkär edýär.

XS
SM
MD
LG