Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysadyýetçiler: Russiýa 2019-njy ýylda ykdysady ösüşiň haýallamagy we ýokary inflýasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Günbataryň täze sanksiýalary girizmek töwekgelçiligi, walýutanyň gowşamagy we planlaşdyrylan salgyt artdyrmalary sebäpli Russiýa 2019-njy ýylda ykdysady ösüşiň haýallamagy we ýokary inflýasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolar. Bu barada ykdysadyýetçileriň we maliýe analitikleriniň gatnaşmagynda Reuters habar agentligi tarapyndan geçirilen sorag-jogabyň netijelerinde aýdylýar.

Öňümizdäki ýyl Russiýanyň Umumy içerki önüminiň ösüşiniň (GDP) 1,4 prosent ýokarlanmagyna garaşylýar. 2018-nji ýylda bu görkeziji 1,7 prosente barabardy diýip, 27-nji dekabrda Reuters neşiri habar berdi.

Soňky ýyllarda Russiýanyň ykdysady ösüşi haýallady. Muňa dünýäde nebitiň bahasynyň aşaklamagy, rublyň gowşamagy we durnuksyzlygy, 2014-nji ýylda Russiýa Ukrainanyň Krym regionyny basyp alany bäri Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň Moskwa garşy girizen sanksiýalary sebäp boldy.

Geçen aý Kerç bogazynyň golaýynda Russiýa tarapyndan Ukrainanyň harby gämileriniň we olaryň ekipaž agzalarynyň ele geçirilmegi Moskwa garşy has köp sanksiýalary girizmek boýunça çagyryşlaryň edilmegine getirdi.

XS
SM
MD
LG