Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat alkogoly jylawlaýar, synçylar gadaganlygyň korrupsiýany güýçlendirjegini çaklaýarlar


Aşgabatdaky içgi dükanynyň tekjesi
Aşgabatdaky içgi dükanynyň tekjesi

Türkmenistanda, berk kontrollyk astynda saklanylýan merkezi aziýa ýurdunda alkogol söwdasyny üzül-kesil çäklendirjek täze kanun güýje girdi.

Bu çäklendirmeler temmäki önümleriniň söwdasyna garşy girizilen we bu söwdanyň daşyndaky korrupsiýany güýçlendiren gadaganlyklaryň yz ýanyna gabat gelýär.

1-nji ýanwardan başlap, esasan musulman ilatyndan durýan ýurtda alkogol içgilerini otlularda, uçarlarda, ýolagçy gämilerinde we sport desgalarynda satmak düýpden gadagan edilýär.

Çen bilen 5.6 million çemesi ilatly ýurtda alkogolly içgiler milli baýramçylyk günlerinde hem satylmasyz edildi.

Şeýle-de täze kanun geljekde, 2021-nji ýyldan başlap, alkogolly içgileri, barlardan we restoranlardan başga ýerlerde, şenbe we ýekşenbe günleri hem satmagy gadaganlyga salar.

Häzirki wagtda agyr ykdysady krizizi, ýokary derejedäki işsizligi we inflýasiýany, azyk önümleriniň baş bermeýän gytçylygyny başdan geçirýän Türkmenistan özüni görelde almaly atlet hökmünde görkezmäge çalyşýan, sportuň dürli ugurlarynda ussatlyga ymtylýan awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dolandyrylýar.

Mundan başga, Berdimuhamedow türkmen raýatlaryny hem ýygy-ýygydan sport çärelerine çekýär we 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäki önümlerinden saplamak wadasyny berdi. Çilimden öň Berdimuhamedow nas söwdasyna gadaganlyk girizdi.

Nasdan öň Berdimuhamedow ýurtda öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe giň ýaýran neşe söwdasyna we neşekeşlige garşy barlyşyksyz göreş yglan etdi. Ýerli synçylaryň köpüsi bu ugurda alnyp barlan göreşiň oňyn netije berendigini, şondan soň toýlarda, oturylyşyklarda açyk neşe çekişlikleriň gurnalmaýandygyny, neşe söwdasy bilen tutulanlaryň prezident tarapyndan yglan edilýän günä geçişlere düşürilmeýändigini aýdýarlar.

S.Nyýazow döwründe neşe maddalary bilen tutulan adamlaryň köpüsiniň, talap edilýän möçberdäki parany berip ýetişen halatynda, suddan öň hem, suddan soň hem jogapkärçilikden gutulyp bilendigini, hatda atuw jezasyny alan adamlaryň hem aman galan halatlarynyň bolandygyny tassyklaýan maglumatlar bar.

Türkmenistanda 2007-nji ýylda häkimiýet çalşandan soň ozal ýatyrylan ýa gysgaldylan pensiýalar, çagaly enelere berilýän kömek pullary dikeldildi we bu birbada durmuş goraglylygynyň gowulanmagyna umyt döretdi.

Emma soňra benziniň we umuman durmuşyň kem-kem gymmatlamagy, işsizlik, garyplyk derejeleriniň ösmegi bilen, Türkmenistanda dürli neşe maddalaryndan, çilimden, nasdan teselli gözleýän adamlaryň köpelendigi aýdylýar.

Bu ýagdaý, ýagny halk içindäki talabyň we islegiň saklanyp galmagy neşe gaçakçylygynyň hem saklanyp galmagyna, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan tutulyp saklanan neşe madadlarynyň ýylda iki gezek köpçüligiň gözüniň öňünde ýakylyp ýok edilmegine sebäp bolýar.

Şol bir wagtda, neşe maddalarynyň ýurda nähili ýagdaýlarda getirilýändigi, olaryň näçe mukdarynyň tutulman galýandygy we ile siňýändigi aýdylmaýar.

Neşekeşlige, hususan-da tirýege we geroine garşy yglan edilen göreşden tapawutlylykda, temmäki önümleriniň söwdasyna girizilen çäklendirmeler turuwbaşdan ters netijeleri berene meňzeýär. Ýerli synçylar degşip, çilime garşy göreşi "korrupsiýa bedewiniň" alyp gaçandygyny aýdýarlar.

Azatlyk bilen gürleşen raýatlaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, çilim söwdasy döwlet monopoliýasyna geçirileli bäri ýurda diňe döwlet tarapyndan getirilýändigi aýdylýan temmäki önümleri hususy dükanlarda iki-üç esse bahasyndan satylyp, bikanun gazanç etmegiň tasdan açyk çeşmesine öwrüldi.

Munuň üstesine, ýurtda eli ýuka adamlaryň çekýän çilimleriniň hiliniň hem juda ýaramazlaşandygy aýdylýar.

Ýerli synçylar alkogola garşy girizilýän gadaganlyklaryň hem, çilim meselesinde bolşy ýaly, korrupsiýa, ýasama araklaryň köpelmegine giň ýol açmak mümkinçiligini aradan aýyrmaýarlar.

XS
SM
MD
LG