Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda çöken altyn käninde 30 adam öldi


Badahşandaky dag ýolundan barýan täjirler. Arhiw suraty
Badahşandaky dag ýolundan barýan täjirler. Arhiw suraty

Demirgazyk-gündogar Owganystanda altyn käninde çöken ötük netijesinde 30 adam öldi diýip, resmiler aýtdylar.

6-njy ýanwarda Badahşan welaýatynda bolan hadysada 20 adam ýaralandy diýip, ýerli polisiýanyň sözçüsi “Roýters” habar gullugyna aýtdy.

Etrap gubernatory Mohammad Rustamyň AFP habar gullugyna beren gürrüňine görä, ýerli ilatyň öz güýji bilen guran altyn käni çökende adamlar şol ýerdäki derýanyň golaýyndan altyn gözlemek üçin ekskowator ulanypdyrlar.

"Oba adamlary bu iş bilen onlarça ýyl bäri meşgul bolýarlar, olaryň üstünden hiç bir hökümet kontrollygy ýok” diýip, welaýat gubernatorynyň sözçüsi Nik Mohammad Nazari aýtdy.

Wakanyň bolan ýerine iki sany halas ediş topary eltilende, o taýda azyndan 50 adam bar eken.

XS
SM
MD
LG