Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýada 6 merkezi aziýaly terrorizm aýyplamalarynda sud edilýär


Stokgolm sudunyň girelgesi.
Stokgolm sudunyň girelgesi.

Şwesiýada ýaşaýan alty özbek we gyrgyz raýatlarynyň, “Yslam döwleti” ekstremistik toparyna maliýe hemaýatyny bermek aýyplamalary esasynda, sud diňlenişigi başlandy. Merkezi aziýaly şahsyýetleriň üçüsine skandinaw döwletinde hüjümleri planlaşdyrmakda hem aýyplama bildirilýär.

Stokgolmyň etrap sudunda geçirilen ilkinji diňlenişikde aýyplanýanar ok geçirmeýän aýnaly gözenegiň aňyrsynda saklandylar.

Aýyplanýan özbek raýatlary – Akromiýon Ergaşew, Bahtiýor Umarow, Gulom Täjiýew, Şoahmad Mahmudow we Dawid Idrisson, gyrgyz raýaty bolsa – Atabek Abdullaýew diýlip tanyşdyryldy.

Abdullaýewe, Idrissona we Umarowa “adamlary öldürmek maksady bilen” himiki we beýleki serişdeleri almakda hem aýyplama ýöňkeldi.

Aýyplanýanlaryň ählisi 24-46 ýaş aralygynda bolup, olaryň altysy-da Şwesiýada kanuny esasda ýaşaýardylar.

Olar özlerine bildirilýän aýyplamalary ret edýärler.

Sud diňlenişigi 11-nji fewrala çenli dowam eder.

XS
SM
MD
LG