Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň howpsuzlyk geňeşçisi ABŞ-nyň Siriýadan goşun çykarmak planlary boýunça türk resmileri bilen duşuşdy


ABŞ-nyň howpsuzlyk geňeşçisi John BoltonTürkiýäniň prezidentiniň uly derejeli geňeşçisi Ibrahim Kalin bilen. Ankara, 8-nji ýanwar, 2019.
ABŞ-nyň howpsuzlyk geňeşçisi John BoltonTürkiýäniň prezidentiniň uly derejeli geňeşçisi Ibrahim Kalin bilen. Ankara, 8-nji ýanwar, 2019.

Prezident Donald Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi, Türkiýäniň Siriýadaky ABŞ ýaranlary bolan kürt milisiýasyna hüjüm etmejegine kepillik almak üçin, ýokary derejeli türk resmileri bilen duşuşdy.

John Bolton 8-nji ýanwar güni irden Ankaradaky prezident toplumynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň uly derejeli geňeşçisi Ibrahim Kalin bilen iki sagatlap maslahat etdi.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň sözçüsi Garrett Markuis beýanat çap edip, iki tarapyň dialogyň geljekdäki meselelerini kesgitländiklerini we Birleşen Ştatlaryň harbylar arasynda dowam edýän geňeşmeleriň dowam etdirilmegine garaşýandygyny aýtdy.

Emma Türkiýede 8-nji ýanwarda Boltan bilen Erdoganyň arasynda bolmagyna garaşylan duşyşygyň amala şamazlygy Siriýadky kürtler meselesindäki ylalaşmazlyklaryň dowam edýändigini aňlatdy.

Markuisiň sözlerine görä, ABŞ resmilerine Erdoganyň Bolton bilen ýerli saýlaw kampaniýalary we türk prezidentiniň parlament öňünde söz sözlemelidigi sebäpli duşuşyp bilmejegi aýdyldy.

Erdogan Bolton Ankaradaky prezident toplumyna gelmezinden sähel öň sözlän sözünde Türkiýäniň Siriýadaky terror toparlaryna garşy gurajak täze harby hüjümine taýýarlygyň“umuman” tamamlanandygyny aýtdy.

Ol Boltonyň Birleşen Ştatlar Siriýadaky kürt söweşijilerine hüjüm edilmeginiň öňüni alar diýen manyda aýdan sözlerini tankyt etdi. Ankara “hiç bir eglişige gelip bilmeýär” diýmek bilen, Erdogan Siriýadaky “terror koridoryna gatnaşygy bolanlar” “zerur bolan temmisini alar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, Boltonyň Türkiýäniň goranmak ministri Hulusi Akar we aňtaw başlygy Hakan Fidan bilen garaşylýan duşuşygynyň bolup-bolmandygy barada bada-bat hiç bir söz aýdylmady.

Bolton öz saparyndan öň Türkiýäniň Siriýadaky kürt söweşijilerine garşy hüjüm etmejegi barada kepillik almaga çalyşjakdygyny aýtdy. Gürrüňi edilýän kürt söweşijileri Siriýada ABŞ bilen ýaran bolup, “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerine garşy söweşdi.

Bolton Tramyň demirgazyk-gündogar Siriýadaky ABŞ güýçlerini ol ýerden çykarmak planynyň bir “şertiniň” bolandygyny aýtdy.

Boltonyň Ankara eden sapary döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Trampyň birden 2 müň amerikan esgerini Siriýadan çykarmak baradaky kararyny yglan etmeginiň yzysüre sebite edýän saparyna gabat gelýär.

Trampyň bu karary ABŞ ýaranlaryny haýran galdyrdy we ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattisiň işden çekilmegine alyp geldi.

ABŞ resmileri we beýlekiler Birleşen Ştatlaryň bu ýerden çykmagy Siriýanyň mundan aňryk hem durnuksyzlaşmagyna we ABŞ güýçleri bilen bilelikde söweşen kürt milisiýasynyň agzalarynyň gyrylmagyna getirip biler diýip howatyr edýärler.

Bolton Türkiýä saparyndan öň, ABŞ-nyň Siriýadan goşun çykarmak baradaky karary bilen bagly aladalar sebäpli, ilki Ysraýyla bardy.

Bolton Iýerusalimde Trampyň başky beýanatyndan yza çekilip, oňa derek Birleşen Ştatlaryň “Yslam döwletiniň” “doly ýeňilmegini we gaýtadan janlanyp, ýene howp-hatara öwrülip bilmezligini” isleýändigini öňe sürdi.

Ýöne ol Türkiýäniň ABŞ-nyň kürt ýaranlaryny goramalydygyny hem aýtdy.

Prezident Erdogan 7-nji ýanwarda “The New York Times” gazetinde çap edilen pikirinde ABŞ-nyň goşun çykarmagynyň seresaplylyk bilen planlaşdyrylmadygyny, dogry hyzmatdaşlar bilen amala aşyrylmalydygyny aýtdy.

Erdogan Türkiýäniň “bu wezipäni amala aşyrmaga kuwaty we ygrarlylygy bolan ýeke-täk ýurtdugyny” hem öňe sürdi. Şeýle-de ol Tüzrkiýäniň “Yslam döwleti" toparyny we Siriýadaky “beýleki terror toparlaryny" ýeňmäge ygrarlydygyny aýtdy.

Pompeo 7-nji ýanwarda CNBC TV-de berlen sözünde Erdoganyň Siriýadaky kürt söweşijilerini goramak wadasyny berendigini aýtdy.

Pompeo şu hepde Siriýa meselesini we ABŞ-nyň regiondaky Eýran täsirini jylawlamak tagallalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin arap ýurtlarynyň sekiz paýtagtyna sapar edýär.

Ankara kürt milisiýasyna terrorçylar hökmünde garaýar.

XS
SM
MD
LG