Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen TW-si prezidenti ýarym sagatda 34 gezek agzady, suratyny 52 gezek görkezdi.WIDEO


"Watanda" Berdimuhamedowyň portreti näçe gezek görkezildi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:59 0:00

"Watanda" Berdimuhamedowyň portreti näçe gezek görkezildi?

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli telewideniýede diňe bir esasy nýusmeýker - habar ýasaýjy däl. Arkadagy diňe pozitiw mazmunly maglumatlarda we hatda onuň işine hem-de häkimiýet edaralaryna degişli bolmadyk sýužetlerde agzaýarlar.

AÝ/AR-nyň "Nastoýaşeýe Wremýa" telekanalynyň žurnalistleri türkmen telewideniýesiniň ýarym sagatlyk habar gepleşikleriniň birine tomaşa etdiler we şol 30 minudyň içinde onuň suratynyň 52 gezek görkezilendigini, onuň özüniň bolsa, ýagny adynyň we wezipesiniň 34 gezek agzalandygyny anykladylar.

Berdimuhamedow we sport
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00

Prezidentiň agzalmagy eýýäm gepleşigiň 90-njy minudynda başlandy. “Bu biziň hormatly prezidentimize görä amala aşdy” diýip, alyp baryjylar nygtadylar.

Gepleşigiň birinji üç minutlyk böleginde Berdimuhamedow ýene iki gezek agzaldy: “biziň hormatly prezidentimiziň strategiýasyndan gelip çykyşy ýaly” we “döwletimiziň baştutanymyzyň tagallalary bilen” diýip, alyp baryjylar ýurduň nobatdaky üstünlikleri barada habar berdiler.

Sekizinji minutdan soň, Türkmenistan barada täzelikler gaýtadan başlanansoň Berdimuhamedowy has ýygydan agzadylar.

“Biziň hormatly prezidentimiz”, “biziň milli liderimiz”, “biziň hormatly prezidentimiziň goly astyndaky özgerişliklere görä”, “döwlet baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda”, “Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty”, “Biziň gahryman Arkadagymyza çäksiz minnetdarlygyny mälim etiler”, “biziň rehimli Arkadagymyz”, “Gahryman Arkadagymyz”, “Hormatly prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijeleri”, “hormatly prezidentimiziň halk üçin bähbidine beýik özgerişlikleri”, “hormatly prezidentimiziň beýik üstünlikleri”, “milli lideriň halkyň abadançylygy üçin eden işleri” – bu Gurbanguly Berdimuhamedow barada milli telewideniýede aýdylan sözleriň diňe bir bölegidir.

Berdimuhamedow agtygynyň seýislän atynda ýaryşdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:51 0:00

Labyzly obrazlar gepleşigiň soňunda has-da güýçlendi

“Çäre ‘Täze ýylda joşup dur bu köňüller, Arkadaga alkyş aýdýar bu göwünler’, şygar astynda geçdi” diýip, alyp baryjylar Türkmenistanda geçirilen festiwallaryň biri hakynda gürrüň berdiler.

“Parasatly lideriň tutuş dünýäde ýaňlanan beýik işleri” diýip alyp baryjylar habar berdiler.

Mundan soň, şular agzaldy:

  • “Arkadag prezidentimiziň jowher paýhasyndan nurlanan eziz diýarymyzyň”
  • “hormatly prezidentimiziň öz mähriban halkyna peşgeş beren bagtyýarlyk döwrüniň”.
  • “Arkadagyň ak ýolunyň dowamy”.

Bellemeli ýeri, türkmen telewideniýesi prezident Berdimuhamedowyň ähli işleri barada: onuň awtoýaryşlara gatnaşmagy, sport üstünlikleri, çapyksuwar hökmünde çykyş etmegi we dürli dabaralarda aýdym aýdyşy barada şeýdip habar berýär. Üstesine, türkmen telewideniýesinde prezidentiň kitaplaryny hem okaýarlar.

Berdimuhamedowyň kitaplary TW-de okalýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:19 0:00

Berdymuhamedow medisinadan bilim aldy, uzak wagtlap Saglyk ministri we Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň şahsy lukmany boldy. Nyýazowyň aradan çykmagyndan soň ol prezident boldy, 80%-den gowrak ses aldy. Şondan bäri ol ýene iki gezek saýlawlarda ýeňdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG