Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň okuw jaýlarynda prezidentiň portretleri täzelenýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň okuw jaýlarynda ýene-de prezidentiň suratlary täzelendi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, prezident Berdimuhamedowyň suratlarynyň täzelenmegi, hususanda Daşoguzda dynç günleriniň dowamynda amala aşyrylypdyr.

"Daşoguzyň mekdeplerinde düýn prezidentiň suratlaryny çalyşdylar. Suratda ol çal saçly. Mugallymlar 5 manatdan pul tabşyrmaly boldular" diýip, türkmenistandaky habarçymyz 7-nji ýanwarda aýtdy. Onuň sözlerine görä, her bir orta mekdepde ortaça 30-40 sany otag bar. Olaryň her birinde prezidentiň suratynyň ýerleşdirilmegi talap edilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň tomsundan öňki suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň tomsundan öňki suraty

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda prezidentiň suratlaryny täzelemek işi tutuş ýurt boýunça döwlet edara-kärhanalarynda amala aşyrylýar.

Üstesine, prezidentiň çal saçly täze suratlary ilata söwda tekçelerinde hem hödürlenýär. Uly portretiň bahasy 5 manat, kiçirägi 3 manatdan satylýar.

Prezidentiň gara saçly bolan döwründe alnan "geçen möwsümiň" portretleri häzir biraz arzanlandyrylan bahadan 4 manatdan satylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saçynyň reňki geçen ýylyň tomsunda birden üýtgäpdi. Ol köpçüligiň içinde we foto-wideolarda çal saçly peýda bolup başlapdy. Mundan öň ol gara saçlydy.

Türkmenistanyň döwlet edaralarynda prezidentiň portretlerini täzelemek işi yzygiderli häsiýetde berjaý edilýär we esasan býujet işgärleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Portretler ähli döwlet edaralarynda we köpçülik ýerlerinde ýerleşdirilýär. Mekdeplerde, keselhanalarda, şypahanalarda, ministrliklerde, häkimliklerde, sport desgalarynda, konsert zallarynda, aeroportlarda we uçarlaryň içinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň suratlary duş gelýär.

Synçylaryň pikirine görä, prezidentiň portretleriniň yzygiderli häsiýetde çalşyrylyp durmagy neşirýatlar üçin örän girdejili bolup durýar, emma býujet işgärleri üçin mejbury çykdajy döredýär.

Mundan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri prezidentiň portretleriniň zaýalanmagy sebäpli raýatlaryň administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi bilen bagly wakalara barada habar beripdi.

2017-nji ýylyň aýagynda Daşoguzda ýüze çykan azyndan iki sany wakada prezidentiň portretlerini zaýalamakda günälenen mekdep okuwçylary tussag edilipdir.

Hadysalaryň birinde Daşogzuň №45-nji mekdebiniň okuwçylary klas otagynda oýnan wagtynda prezidentiň suratyny ýere gaçyryp, ony basgylapdyr. 4-nji mekdepde bolan ikinji hadysada okuwçylar prezidentiň suratynyň ýüzüne murt we sakgal çekipdirler. Azatlygyň çeşmeleri şonda 10 golaý okuwçynyň polisiýa äkidilip, soňra "tertip-düzgüni" bozmakda we "mekdep emlägini zaýalamakda" aýyplanyp, sud edilendigini habar beripdi.

Prezidentiň portretlerini täzelemek üçin pul tabşyrmakdan daşary döwlet edaralaryň işgärlerinden milli metbugat üçin hem ýyldan iki gezek pul saklanýar. Türkmenistanyň prezidentiniň suratlary milli gazet-žurnallarynyň ählisiniň uly bölegini eýeleýär.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we beýleki garaşsyz habar beriş serişdeleri ýurduň bilim pudagynyň işgärlerinden prezidentiň gazetlerde çykýan suratlaryny ýörite alboma ýygnamak talabynyň edilýändigini habar beripdi. Şeýle-de, prezidentiň suratynyň "barga maksatlar" üçin ulanylmagy sebäpli raýatlaryň yzarlanýandygy barada hem habar berlipdi.

Käbir maglumatlara görä, polisiýa ýaşaýyş jaýlaryň hajathanalarynda gazetleriň prezidentiň suratly ýerleriniň bolup-bolmazlygyny anyklamak üçin barlag geçiripdir, surat tapylan öýleriň eýelerine işen kowulmak ýa-da, administratiw jogapkärçiligine çekilmek haýbaty atylypdyr.

2006-njy ýylyň dekabr aýynda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýogalmagynyň yzýany ýurda ýolbaşçy bolan Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylda ömürlik prezident bolmak mümkinçiligine eýe boldy, 2017-nji ýylda sesleriň 97% toplap, üçünji we 7 ýyllyk prezidentlik möhletine geçdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
.
Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00
XS
SM
MD
LG