Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Rysgal”  paýdarlar-jemgyýetçilik banky MasterCard töleg ulgamyna agzalyga taýýarlanýar


Türkmenistanyň banklaryndan berlen Visa kartlaryň nusgalary. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenistanyň banklaryndan berlen Visa kartlaryň nusgalary. Illýustrasiýa suraty.

11-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Goçmyrat Myradow ýurduň bank ulgamynda göz öňünde tutulýan käbir özgerişler barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmen döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň “Rysgal” paýdarlar-jemgyýetçilik banky “MasterCard” halkara töleg ulgamyna agzalyga taýýarlanýar.

Munuň bilen baglylykda, wise-premýer Berdimuhamedowa täze göz öňünde tutulýan “MasterCard” bank kartlarynyň milli nusgalaryny hödürläpdir.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi 11-nji ýanwarda wise-premýeriň prezidente hödürlän bank kartlarynyň milli nusgalarynyň şekillerini görkezdi. Visa kartlaryň ýerli nusgalarynda bolşy ýaly, göz öňünde tutulýan “MasterCardlaryň” milli nusgalarynda bu gezek, türkmen gölleriniň, bedewiniň ýa-da şaý-sepleriniň şekilleri ýok.

Şeýle-de, mejlisden mälim bolşuna görä, “Rysgal” paýdarlar-jemgyýetçilik banky QR-koduň üsti bilen tölegleri ýola goýmagyň üstünde işleýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, ýurtda “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany artýar.

“Bu hyzmatlaryň kömegi bilen hususy bölege degişli müşderiler bank hasaplaryny karz edarasyna barmazdan, menzilara dolandyrmagy we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini tölemegi amala aşyryp bilýärler” diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Ýöne beýleki tarapdan , Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary ýurduň bank ulgamynda bar bolan amatsyzlykdan habar berýärler. Olaryň hatarynda ýurduň daşyna ýa-da ýurduň daşyndan içine bank geçirimlerini amala aşyrmagyň kynçylyklary nygtalýar.

Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly talyplar, Türkmenistanyň banklaryndan alan Visa bank kartlaryny ýurduň daşynda ulanmagyň kösençlikleri barada soňky iki ýylyň dowamynda Azatlyga häli-şindi maglumat berip geldi.

Türkmen banklary Türkmenistandan berlen Visa kartlardan daşary ýurtlarda bir gije-gündiziň dowamynda nagtlaşdyrylmaly puluň möçberini çäkli saklaýar.

Türkmenistanyň döwlet metbutgaty ýurduň bank ulgamynda uly ösüşleriň gazanylýandygyny, “Internet-bank” we “mobil-bank” ýaly hyzmatlardan peýdalanýanlaryň sanynyň artýandygyny öňe sürýär, ýöne ýerli synçylar ýurtda internetiň tizliginiň pesdigi, internet bank ulgamlarynda yzygiderli döredýän näsazlyklar we bank ulgamynyň işgärleriniň täze tilsimat ulgamynda taýýarlyklarynyň pesdigi bu pudagyň ösüşine böwet bolýar.

Hökümet maslahatynyň dowamynda başga-da birnäçe meseleler bilen bir hatarda, ýurtda süýji-köke önümçiligini artdyrmagyň mümkinçiliklerine seredilipdir.

XS
SM
MD
LG