Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan öz VISA kartlaryny Özbegistanda ‘petikledi’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenisanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky (TDDYIB) ýurduň banklaryndan berlen halkara bank kartlaryny Özbegistanda petikledi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk sebäpli atlandyrylmazlyk şerti bilen 19-njy noýabrda maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, bu çäklendirme 2-3 aý mundan ozal girizildi.

“Mundan ozal, adamlar Özbegistana kartlaryndaky pullary nagtlaşdyrmak üçin gidýärdi. Serhet golaý bolansoň gidip-gelmek aňsatdy. Hususan-da, serhetýakada ýaşaýan adamlar üçin ýagdaý şeýledi. Adamlar kartlaryndaky manadyny Özbegistanda dollarda nagtlaşdyrýardy” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýagdaýlary has içgin öwrenmek üçin, Özbegistanyň Merkezi Banky bilen telefon arkaly habarlaşdy.

“Türkmenleriň Özbegistanyň bankomatlarynda pul nagtlaşdyrýandygy barada ozal eşitmändim. Ýöne bu mümkin, sebäbi Daşkentiň uly myhmanhanalaryndaky bankomatlarda kartlardan dollar nagtlaşdyrsa bolýar” diýip, Özbegistanyň Merkezi Bankynyň wekili Azatlyk Radiosyna 19-njy noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Daşkendiň bankomatlarynda Visa we MasterCard arkaly bir gije-gündiziň dowamynda 400 dollar nagtlaşdyrsa bolýar.

“Ýöne Türkmenistanda berlen Visa we MasterCard bank kartlary [Özbegistanda] petiklenen bolsa muňa Özbegistanyň bank ulgamynyň hiç hili dahyly ýok. Muny diňe Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky edip bilýär. Eger-de karty beren bank onuň amallaryny çäklendirse, onda muňa Visa ýa-da MasterCard kompaniýalarynyň özi hem hiç zat edip bilmeýär” diýip, gürrüňdeşimiz sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu tema boýunça Azatlyk Radiosy häzirlikçe Türkmenistanyň degişli banklaryndan kommentariýa alyp bilmeýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky eýýäm 1 ýyldan dowrak wagt bäri halkara bank kartlary boýunça dürli çäklendirmeleri girizip geldi.

Fewral aýynda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň Senagat bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň jogapkär resmileri ýanwar aýynyň ikinji ýarymyndan başlap Visa kartlarynyň doňdurylandygyny habar berdi.

Yzýany 27-nji fewralda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan “Visa Global Holdings LLC” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça baş dolandyryjysy Galym Tabyldiýew “ýanwar aýynyň ikinji ýarymyndan Visa kartlarynyň maliýe operasiýalarynyň doňdurylandygy” baradaky maglumaty resmi taýdan ret etdi.

2017-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanda walýutanyň resmi alyş-çalşygyna ýiti çäklendirme girizilmegi bilen, ýurduň raýatlary bank kartlaryndaky manatlaryny dollarda nagtlaşdyrmak üçin daşary ýurtlara ýykgyn edip başlady.

Ýurtda walýutanyň "gara bazary" döredi hem-de ondaky dollaryň manada bolan gatnaşygy, wagtyň geçmegi bilen, resmi kursdan telim esse ýokarlandy. 2018-nji ýylyň iýun aýynda dollaryň gara bazardaky bahasy rekord derejä, ýagny 29 manada çykdy.

Munuň bilen bir hatarda Türkmenistan bank kartlary arkaly daşary ýurtlarda bir gije-gündiziň dowamynda nagtlaşdyryp bolýan maliýe serişdeleriniň möçberini çäklendirdi. 2017-nji ýylyň fewralynda 250 dollara düşürilen bu mukdar, sentýabr we dekabr aýlarynda degişlilikde 100 we 50 dollara düşürildi.

Geçen döwrüň dowamynda ýurt raýatlary plastik kartlaryndaky maliýe serişdelerini daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýe, Azerbaýjan, Orsýet ýaly ýurtlarda nagtlaşdyrmagy ýykgyn etdi.

“Soňky aýlarda ýaşaýjylar Visa kartlaryndan pul almak üçin Özbegistana ýykgyn etdiler” diýip, Azatlygyň beýleki bir habarçysy 19-njy oktýabrda maglumat beripdi.

Bu gün 19-njy noýabrda habarlaşan habarçymyz Özbegistana geçip, pul nagtlaşdyrýanlar barada, “bu örän meşhur biznese öwrülipdi” diýdi.

Türkmenistanyň köpçülikleýin media serişdeleri ýa-da ýurt resmileri agzalýan ýagdaýlary agzamaýar.

XS
SM
MD
LG