Gazak sudy buzda figuralaýyn typyjy Denis Teni öldürmekde aýyplanýan iki adamy günäli tapyp, olaryň her birini 18 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Almatynyň sudy Arman Kudaýbergenowyň we Nuraly Kiýasowyň hökümlerini 17-nji ýanwarda çykardy.
Aýyplanýanlaryň üçünjisi Žanar Tolybaýewa jenaýaty habar bermezlikde günäli tapylyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Ten 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, bürünç medal utmak bilen, olimpiýa medalyny utan ilkinji gazak buzda typyjysy bolupdy. Şeýle-de ol 2013-nji we 2015-nji ýyllarda geçirilen dünýä çempionatlarynda medal gazanmagy başardy.
Ten 2018-nji ýylyň tomsunda Almatynyň merkezinde, 25 ýaşynda pyçaklanyp öldürildi.
Sülçüler Kudaibergenow bilen Kiýasowyň ony maşynynyň gapdal aýnalaryny goparmagynyň öňüni aljak bolanda öldürendiklerini aýdýarlar.
Kudaýbergenow we Kiýasow özleriniň ogurlykda günäkärdiklerini aýtdylar, emma buzda typyjyny öldürmegi planlaşdyrmandyklaryny öňe sürdüler.
Žanar Tolybaewa özüniň adam pyçaklanyşyny görmändigini, diňe Teniň maşynynyň aýnalarynyň goparyljak bolnandygyny bilýändigini aýtdy.