Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň ýaşaýjylary suwuň 'mugt' döwri üçin jerimä sezewar edilýär


Türkmenistanda ulanylýan suw ölçeýji gural
Türkmenistanda ulanylýan suw ölçeýji gural

Türkmenistanyň ilaty ozalky ýyllarda sarp eden suwy üçin tölemäge mejbur edilýär we jerimelere sezewar bolýar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatyna görä, köp ýaşaýjylar jerimeler we olaryň mukdary barada habarsyz galýarlar, sebäbi resmi bildiriş berilmeýär.

“Indi Aşgabadyň ýaşaýjylaryndan jerime görnüşde ägirt uly mukdarda pul alýarlar. Üstesine 2015-2016-njy ýyllarda ulanylan suw üçin töleg talap edýärler. Şonda köp gatly jaýlarda 30 we 40 manat alynýardy, plan jaýlarda has ýokarydy. Indi bolsa iki esse köp alýarlar” diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlygyň habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň sözlerine görä, hyzmatlaryň göz öňünde tutulan bahalary we jerimeleriň möçberi barada ilat köpçüligi öý dolandyryş edaralaryna we kommunal guramalaryna baransoň bilip galýarlar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda ilatyň sezewar edilýän esasy jerimeleriniň biri 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan soňky döwürde ulanylan suw üçin.

"Ölçeýjileri 2018-nji ýylda oturdan adamlar 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri her aýda 87 manatdan jerime tölemelidigini birden bilip galdylar, şonda ölçeýjileri oturmak barada karara gelnipdir” diýip, habarçymyz aýdýar.

Ilatyň harç edýän suwuny, gazyny ölçeýän gurallary oturtmak işi soňky birnäçe ýylda amala aşyrylyp, geçen ýylyň oktýabr aýyndan başlap güýçlenipdi.

Emma Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň suw, gaz we belli bir möçberdäki elektrik togunyň mugtçulygyny ýatyrmak baradaky resmi karary 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda yglan edilipdi.

Prezidentiň gaz, suw, tok we duz mugtçulygyny ýatyrmak baradaky karary
Prezidentiň gaz, suw, tok we duz mugtçulygyny ýatyrmak baradaky karary

Türkmenistanyň prezidentiniň kararynyň tekstinde ilata suwuň, gazyň, toguň we iýimlik duzuň mugt berilmegini bes etmek hakyndaky düzgün 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girýändigi aýdylýar.

Onda görkezilen nyrhlara görä, suwuň bir kubmetriniň bahasy 0.5 manat, elektrik togunyň 1 kilowatynyň bahasy 2.5 manat we tebigy gazyň 1000 kubometriniň bahasy 20 manat.

Ýaşaýyş jaý we kommunal hyzmatlar üçin täze nyrhlar ýanwar aýynyň ikinji hepdesinde köpçülige hödürlendi. Hususan-da, Aşgabadyň öý dolandyryş edaralarynda ýerleşdirilen bildirişde görkezilişi ýaly, jaýyň 1 m2 bahasy her aýda 1 manada durýar, ýyladyş, suw üpjünçiligi we kanalizasiýa aýratyn hasaplanýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň sözlerine görä, häkimiýetleriň öý hojalyk tölegleri barada ilata wagtynda we kesgitli maglumat bermezligi ilat köpçüliginiň habarsyz galmagyna we uly çykdajylara sezewar bolmagyna getirýär.

“Adamlar ölçeýjiler boýunça töleg etmek üçin baranlarynda, jerimeler barada bilip galýarlar we öz närazylygyny bildirip, dokument görkezilip, tassyklanmagyny soraýarlar. Emma hiç kime hiç hili kararlary görkezmeýärler. Dil üsti bilen Maliýe ministrliginiň kararyna salgylanýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Azatlygyň habarçylary we söhbetdeşleri ilatdan kommunal hyzmatlar üçin tölegleri almak boýunça edilýän basyşlar barada habar beripdi.

Noýabryň ortalarynda Aşgabadyň ençeme etrabynyň we şäheriň etegindäki ýerleriň ýaşaýjylaryna tölenmedik gaz we suw üçin sud jogapkärçiligi barada duýduryş gowşupdy.

Üstesine, Türkmenistanyň ilaty ölçeýjileri oturmak boýunça dürli basyşlara sezewar edilipdi. Hususan-da ölçeýjileri oturtmadyk raýatlara ýaşaýan ýerinde we işleýän ýerinde sprawka berilmändi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00
XS
SM
MD
LG