Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Gaz ölçeýjiňiz bolmasa resminama beremizok'


Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda oturdylýan gaz ölçeýji

Türkmenistanyň ilaty gaz ölçeýjilerini goýmaga mejbur edilýär. Azatlygyň türkmenistanly habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda häkimiýetleriň ölçeýjileriň oturdylmagyna gözegçiliginiň güýçlendirilen wagtynda ýaşaýjylar dürli kynçylyklara duçar bolýarlar.

Читайте также на русском

Azatlygyň habarçylarynyň biriniň sözlerine görä, hususan-da, ýaşaýjylara öz öýlerinde ölçeýjileriň oturdylandygyny subut etmezden, döwlet edaralaryndan resminama, şol sanda iş ýerinden kagyzlar berilmeýär.

“Döwlet ýaşaýjylary ölçeýjileri oturtmaga mejbur edýär. Eger gazy, togy we suwy ölçeýän gurallaryň oturdylandygy tassyklaýjy subutnama getirilmese iş ýerimden sprawkanyň berilmejegini aýtdylar. Diňe şonda ýolbaşçynyň resminama gol goýup, möhür basyp berjegini aýtdylar” diýip, Azatlygyň habarçysy 18-nji dekabrda habar berdi.

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarda gaz ölçeýjileriň uçdantutma oturdylmagy ýurt ýolbaşçylarynyň gaz, suw we tok mugtçulygyny doly ýatyrmak kararyny yglan etmeginiň yzýany şu ýylyň oktýabr aýynda güýçlenipdi.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Tükmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary gaz ölçeýjilerini satyn almakda kynçylyk çekýärler, sebäbi gurallary satýan edaralarda ölçeýjileriň ýetmezçiligi we nobatlar döräpdir.

Hususan-da, Türkmenistanyň paýtagtynda ölçeýjileriň söwdasyny gaz edarasynyň wekilleri amala aşyrýar. Habarçylarymyzyň ozalky maglumatlarynda gaz edarasynyň işgärleriniň etraplara ýörite awtoulagly aýlanyp, gaz ölçeýjileri satandygy habar berlipdi.

Ölçeýji gurallaryň oturdylmagy ýaşaýjylaryň hasabyna amala aşyrylýar. Gurallaryň oturdylmagyna häkimlikler, gaz we öý hojalyk edaralary gözegçilik edýär. Olaryň wekilleri bilen bilelikde kanun goraýjy edaralaryň işgärleri-de ýaşaýyş jaýlara aýlanyp, ölçeýjileriň oturdylyp-oturdylmandygyny barlaýarlar we munuň bilen bagly resmi duýduryş edýärler.

Şol bir wagtda-da, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleri gaz ölçeýjileriň gyssagara oturdylmagynyň ýerine ýetirilen işleriň hiliniň pes bolmagyna we gazyň syzmagy ýaly howply ýagdaýlaryň döremegine getirýändigini habar berýärler.

“Oturtdylar we gaz syzyp başlady, gazyň ysy geldi. Men ähli ýere jaň edip çykdym, häzir awariýnyý gulluga garaşýaryn. Tas partlapdyk” diýip, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleriniň biri 16-njy dekabrda habar berdi.

Mundan öň Azatlygyň habarçylary ilatyň gaz ölçeýjileri oturtmagy üçin berlen iň soňky wagt möhletiniň 15-nji dekabrdygyny, gurallar boýunça gaz tölegleriniň bolsa 2019-nji ýylyň başynda alynjagyny habar beripdi.

Şeýle-de, ilatdan hojalyk hyzmatlary üçin bergileri ýygnamak boýunça işlere hem gözegçiligiň artandygyny, bergili maşgalalaryň sud jogapkärçiligine çekiljegi barada duýduryşyň berlendigini habarçylarymyz aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG