Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda we Balkanda güýçli ýagyş we gar ýagdy; mal-gara gyryldy, ýollar ýapyldy we ilatyň togy kesildi


Türkmenistanda ýoluň kenarynda duran zenan we erkek adam. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Daşoguz we Balkan welaýatlarynda güýçli ýagyş we gar ýagdy. Munuň netijesinde mal-garalar gyrylyp, ýollar ýapyldy we ilatyň elektrik togy kesildi. Bu waka resmi Aşgabadyň ýurtda boljak howa hadysasy barada ýurtda akreditasiýa edilen halkara guramalara we daşary döwletleriň wekilhanalaryna duýduryş berip, ýurduň ilatyny habarly etmändigi baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky habarçysynyň tassyklamagyna görä, Daşoguzda güýçli ýagşyň we garyň ýagmagy netijesinde elektrik geçiriji liniýalara we elektrik paýlaýjy desgalara zeper ýetdi. Munuň netijesinde welaýatyň Boldumsaz, Görogly, S.Nyýazow we Köneürgenç etraplarynyň ençeme obasynyň elektrik togy kesildi.

“Indi tapgyr üçünji gün bu etraplaryň obalarynda elektrik toguny bejerip bilmeýärler. Elektrigi işledýärler welin, aradan 15 minut geçip-geçmänkä ýene-de tok sönýär” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy 21-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Habarçy geçen hepdeden bäri howanyň temperaturasynyň 0 gradusdan hem aşaklap başlandygyna ünsi çekip, şu gün howanyň temperaturasynyň -4 gradusa barabardygyny we ýaşaýjylaryň ýylanmakda uly kynçylyk çekýändigini aýtdy.

“Indi köp ýyllardan bäri gyş aýlarynda obalaryň aglabasyna tebigy gaz berilmeýär. Elektrik geçiriji liniýalara we elektrik paýlaýjy desgalara zeper ýetendigi sebäpli häzir elektrik togy hem kesildi. Jaýlary elektrik peçleri bilen hem ýyladyp bolmaýar. Jaýlaryň içi gaty sowuk. Adamlar doňýar diýse-de boljak” diýip, habarçy sözüni jemledi.

Azatlygyň beýleki bir habarçysy soňky 10 günüň dowamynda güýçli garyň ýagmagy netijesinde Balkanyň Daýna, Krüjdeý, Könekesir, Aýydere obalarynyň aralaryndaky we olardan Ahal welaýatyna gidýän ýoluň ýapylandygyny aýtdy.

“Biz öň Ahalyň Garrynohur, Garagul obalaryna 50-60 kilometri söküp, baryp bilýärdik. Ýoluň gar bilen örtülendigi sebäpli biz indi Balkan welaýatynyň üsti bilen aýlanyp, gitmeli bolýarys. Ýolumyz 250-300 kilometre çenli uzady” diýip, Könekesir obasynyň ýaşaýjysy anonim şertde Azatlygyň habarçysyna 21-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Habarçy güýçli ýagan garyň netijesinde şahsy hojalyga degişli we öri meýdanlardaky mallaryň ençemesiniň gyrylandygyny hem belledi. Şeýle-de, ol ýollary arassalamak barada ýerli ýa-da welaýat derejesindäki häkimiýetler tarapyndan häzirlikçe alada edilmeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Ýaşaýjylar ýollardaky gary arassalamagy haýyş edip, daýhan birleşigine ýüzlenende, resmiler “Hudaýyň ýagdyran gary, wagty gelende erär, nirä howlukýarsyňyz? Oňşuk ediberiň” diýip, jogap berýärler” diýip, könekesirli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçy mundan öň güýçli ýagşyň ýagmagy netijesinde Sumbar derýasynda suw joşgunynyň emele gelendigini we Balkanyň Daýna, Krüjdeý, Könekesir, Aýydere obalarynyň kenarlaryna sil suwlarynyň gelip ýetendigini hem gürrüň berdi.

“Bu suw joşgunynda adam ýa-da mal-gara heläkçiligi bolmasa-da, Sumbar derýasynyň üsti bilen obalary birleşdirýän köprüleriň ençemesi ýumruldy” diýip, 21-nji ýanwarda agzalýan obalaryň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna sil suwunyň gelendigi we munuň netijesinde, esasan-da, Daýna hem-de Krüjdeý obalaryna zeper ýetendigini “Hronika Türkmenistan” neşiri hem 18-nji ýanwarda habar beripdi.

Türkmenistanyň Daşoguz we Balkan welaýatlarynda güýçli ýagan ýagyş we gar, şeýle-de munuň ilata ýetirýän täsirleri barada ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne bu waka Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary ýurtda turjak güýçli şemal barada häkimiýetleriň döwlet edaralaryna we hususy kärhanalara duýduryş berendigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna 17-nji ýanwarda gelip gowuşan resmi hatyň nusgasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurtda akreditasiýa edilen halkara guramalaryna we daşary ýurt wekilhanalaryna ýurtda boljak güýçli ýel hadysasy barada öňünden habar berdi. Resmi Aşgabat bu barada ýurduň ilatyny media serişdeleri arkaly aç-açan habarly etmedi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň jogapkär işgäri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ýer planetasynyň dürli künjünde howa hadysalarynyň ýüze çykýandygyny, “bu ýerde ulaldar ýaly zadyň ýokdugyny” aýtdy. Kaliforniýada, Birleşen Ştatlarda, Ýewropa ýurtlarynda turýan howa hadysalaryny mysal görkezdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (6)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG