Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde üç erkek 97 ýaşyndaky uruş weteranyny öldürmekde aýyplanýar


II Jahan urşunyň weterany Moskwada Ýeňiş paradyna gatnaşýar. Arhiw suraty
II Jahan urşunyň weterany Moskwada Ýeňiş paradyna gatnaşýar. Arhiw suraty

Rus häkimiýetleri ýeke ýaşaýan aýaly, Ikinji Jahan urşunyň 97 ýaşyndaky weteranyny talamakda we öldürmekde güman edilýän üç erkegi tussag etdi.

Güman edilýänler garry enäniň jaýyna äpişgeden girip, üstüni ýorgan bilen örtüp, onuň kellesine urupdyrlar we 20 müň rublyny ($300) ogurlap, gaçyp gidipdirler diýip, regional derňew komitetiniň günorta Stawropol ülkesindäki bölümi 25-nji ýanwarda aýtdy.

Kursawka obasynda ýaşaýan ene 10-njy ýanwarda edilen hüjümden iki gün soň, hassahanada jan berdi, güman edilýänler 2018-nji ýylyň baharynda onuň jaýyna täze äpişge oturdypdyrlar we şol wagt hem garrynyň puluny ogurlapdyrlar diýip, beýanatda aýdylýar.

Döwlet eýeçiligindäki RIA-Novosti habar gullugy resmilere salgylanyp, bahardaky talaňçylykda garrynyň 120 müň rublynyň ogurlanandygyny, 10-njy ýanwarda ogurlanan 20 müň rublyň bolsa onuň öz jaýlanmagy üçin tygşytlan serişdesidigini habar berýär.

Derňew komiteti aýyplanýanlaryň atlaryny aýtmady, olar sud edilip, günäli tapylsa, 15 ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolar.

XS
SM
MD
LG