Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Wenesuela harby hakyna tutmalary ýollandygy baradaky maglumatlara şübheli garaýar


Dmitriý Peskow
Dmitriý Peskow

Kreml Wenesuelada häkimiýetde galjak bolýan sosialist prezident Nikoloas Maduro, ýurtdaky dowam edýän oppozisiýa protestleriniň fonunda, howpsuzlygy berkitmek üçin 400-e golaý şahsy harby hakyna tutmalary ýollandygy baradaky maglumatlary sorag astyna aldy.

Geçen hepde Wenesuelada oppozisiýa lideri Juan Guadio özüni prezidentiň wezipesini ýerine ýetirijisi diýip yglan edipdi.

Russiýanyň döwlet telewideniýesinde geçirilen gepleşikleriň birinde prezident Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskowdan “Biziň 400 söweşijimiz Wenesuelada Madurony goraýarmy ýa ýok?” diýlip soralanda, ol: “Gorkana goşa görner” diýen äheňde jogap berip, bu baradaky maglumatlaryň aşa çişirilendigini ýa-da ýalandygyny ýaňzatdy. Şol bir wagtda, ol bu soraga gönümel jogap bermedi.

Soňra Peskowdan Kreml şeýle maglumatlary “resmi ýagdaýda tassyklarmy?” diýlip soralanda, ol: “Elbetde ýok” diýip jogap berdi.

Peskowdan Wenesuela rus harbylarynyň ugradylyp-ugradylmandygy açyk soralmady, onuň özi hem bu barada dil ýarmady.

Mundan öň, ýagny 25-nji ýanwarda Peskow Kremlde “bular ýaly maglumatyň ýokdugyny” aýdypdy.

XS
SM
MD
LG