Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda studentlere mobil telefonlary, Interneti ulanmak gadagan edildi


Türkmen studentleri
Türkmen studentleri

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň studentlerine ýene bir gadagançylyk girizildi. Studentlerden gyşky dynç alyş möwsümi döwründe mobil telefonlary ulanmajakdyklary, Internetden peýdalanmajakdyklary, toý-dabaralara gatnaşmajakdyklary we beýleki şäherlere, etraplara gitmejekdikleri hakynda dil haty alyndy.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri bilen söhbetdeş bolan Daşogzuň Türkmen oba hojalyk institutynyň, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we başga-da birnäçe ýokary okuw jaýlarynyň ençeme mugallymy, studenti we olaryň ene-atalary gürrüň berdiler.

“Bu dil haty studentlerden 25-nji ýanwarda alyndy. Şeýle-de, studentler iň soňky synaglaryny tabşyryp öýlerine gaýtmazyndan öň, olar bilen duşuşyk geçirildi. Ýokary okuw jaýlarynyň resmileri olara “Size gyşky kanikula çykmaga, öýüňize gitmäge rugsat edildi. Şu döwürde ümsümje geziň, öýjükli telefon bilen-de gepleşmäň, toý-tomaşa hem gatnaşmaň, dostlaryňyzyň, joralaryňyzyň öýüne myhmançylyga hem gitmäň” diýlipdir. Geçen ýyllarda şeýle görkezme köplenç diňe dilden berilýärdi” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy 28-nji ýanwarda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ÝOJ-laryň resmileri studentlerden edilýän bu talabyň sebäplerini “Biz siziň edebiňiziň, abraýly adam bolmagyňyzyň tarapdary” diýip düşündirýärler. Şeýle-de, olar bu talaby bozan studentlere okuwdan çykarylmaga çenli çäräniň görüljekdigini hem duýdurypdyrlar.

“Studentler 25-nji ýanwardan 9-njy fewrala çenli iki hepde diýen ýaly boş bolýar. Bu talap şol döwür studentler dostlaryňyzyňka, joralaryňyzyňka baranda, olaryň okuw jaýynda okuwa derek çäreleriň yzygiderli geçirilýändigi hakynda gürrüň etmeginiň öňüni almak üçin edilýär. Şeýle-de, olaryň Internetde Türkmenistan barada çykan habarlary we başga garaýyşlary, pikirleri okamagynyň, bilmeginiň öňüni almaga synanyşylýar” diýip, daşoguzly ene-atalaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Belläp, geçsek, Türkmenistanda ýokary okuw jaýlarynyň studentlerine diňe gyşky dynç alyş möwsümi döwründe däl, eýse tutuş okuw ýylynyň dowamynda mobil telefonlary ulanmak gadagan edilýär.

Hatda studentler okuw sagatlary, okuw güni tamamlanandan soňra-da öýjükli telefonlary ulanyp bilmeýärler. Mobil telefony ulanýan wagty tutulan studentleriň telefonlary elinden alynýar. Studentler okuwy doly tamamlanda-da, bu telefonlar yzyna berilmeýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentler talaplaryň we gadagançylyklaryň başga-da ençemesini berjaý etmäge mejbur bolýarlar.

Geçen hepde Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri gyşky dynç alyş möwsümi döwründe studentleriň öýlerine diňe uçarda, otluda ýa-da awtobusda gidip bilýändigi barada ÝOJ-laryň resmileri tarapyndan görkezme berlendigini habar berdi.

Habarçy 24-nji ýanwarda beren maglumatynda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň studentlerden yzyna gaýdyp gelende, öz biletleriniň nusgalaryny dekanlyga tabşyrmagy hem talap edýändigini belläpdi.

Galyberse-de, Türkmenistanda ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň okuw döwri özlerini alyp baryşlaryna, egin-eşigine hem yzygiderli gözegçilik edilýär.

Gyzlara gyzyl, kümüş şaý-sepleri dakynmak gadagan edilýär we olaryň kosmetika ulanmaklaryna hem gözegçilik edilýär. Kosmetika minimal möçberde ulanylmaly. Uzyn dyrnak hem bolmaly däl. Gyzlardan öz alyn saçlaryny göni açmak hem talap edilýär.

Şeýle-de, studentlere awtoulag sürmek ýa-da adyna ulag bolmak hem gadagan edilýär. Olar bu barada ýokary okuw jaýyna girende ýörite dil haty berýärler.

Türkmenistanyň resmi mediasynda ýokarda gürrüňi edilýän gadagançylyklar ýa-da çäklendirmeler, şeýle-de olaryň studentlere ýetirýän täsirleri barada mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG