Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň parahatçylyk wekili ‘Talyban’ bilen geçiren gepleşikleri hakda owgan prezidentine maglumat berdi


Owgan prezidenti Aşraf Gani Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad (çepde iň ýokardan birinji) bilen gepleşikleri geçirýär.

Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad özüniň “Talyban” bilen geçiren soňky gepleşikleri hakda owgan prezidenti Aşraf Ganä, şeýle hem beýleki hökümet resmilerine maglumat berdi diýip, prezidentiň edarasy aýdýar.

28-nji ýanwarda çykarylan beýannamada bellenmegine görä, Halilzad atyşyklaryň bes edilmek mümkinçiligi hakda gepleşik geçirendigini, ýöne entek ylalaşylan hiç bir zadyň ýokdugyny aýdypdyr.

Halilzad şeýle-de daşary ýurtly esgerleriň ýurtdan çykarylmagy barada ylalaşyga gelinmändigini tassyklap, bular ýaly karara owgan hökümeti bilen utgaşyklykda gelinjekdigini mälim etdi.

Bu beýanatdan öň hem “Talyban”, hem-de Halilzad Owganystanda 17 ýyl bäri dowam edýän konfliktiň soňuna çykmak maksady bilen Katarda geçirilýän gepleşikleriň soňky tapgyrynda “öňe gidişligiň” bolandygyny aýdypdylar.

Ganiniň edarasynyň maglumatynda Halilzada salgylanylyp, “Birleşen Ştatlaryň Talyban bilen geçiren gepleşiklerinde Owganystanda dowamly parahatçylygyň ýeke-täk çözgüdi owganara gepleşiklerdir diýip tutanýerlilik görkezendigi” bellenýär.

Maglumatda aýdylmagyna görä, Halilzad “meniň rolum” pitneçiler bilen Kabulyň arasyndaky şular ýaly gepleşikleri “aňsatlaşdyrmak” diýipdir.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa 2001-nji ýylda Owganystanda “Talybany” häkimiýet başyndan çetleşdireninden soňra Günbatar tarapyndan goldalýan Kabuldaky hökümet “Talybany” we beýleki ýarym harby toparlary ýeňip çykarmak üçin ýigrimi ýyla golaý göreş alyp bardy.

“Talyban” şu çaka çenli olar “oýnatgy” diýip, Owganystanyň hökümet resmileri bilen göni gepleşikden boýun gaçyryp gelýär.

Ýarym harbylar amerikan esgerleriniň ýurtdan çykarylmagy hakda belli bir sene barada ylalyşylanyndan soňra özleriniň hökümet bilen gepleşiklere başlajakdyklaryny aýdýarlar.

Gani 28-nji ýanwarda ýurtdaky ýagdaý boýunça halka eden ýüzlenmesinde owgan hökümeti bilen göni gepleşiklere girmek boýunça “Talyban” hereketine edýän çagyryşyny ýene gaýtalady.

Ol ýarym harbylar üçin iki ýol bar diýdi - ýa owgan halkynyň ýanynda durmak, ýa-da çet ýurtlar tarapyndan gural hökmünde ulanylmak.

Dohada geçen alty günlük gepleşiklerden soňra 26-njy ýanwarda Amerikanyň ýörite wekili Birleşen Ştatlar bilen “Talyban” güýçleri “möhüm öňe gidişlik” etdiler diýip, Dohada alnyp barlan gepleşikleriň “geçmişdäkiden has öndümli” bolandygyny belledi.

Ol şol bir wagtyň özünde-de iki tarap arasynda ýene-de işlenmeli meseleleriň bardygyny we “ähli zat hakda ylalaşylýança hiç bir ylalaşygyň ýokdugyny” nygtady.

Talybanyň sözçüsi Zabihullah Mujahid bolsa, duşuşyklarda “öňe gidişlik” bolsa-da, atyşyklary bes etmek baradaky habarlar “dogry däl” diýdi.

Mujahid beýannamada aýdylýan “çözülmedik meseleler” boýunça gepleşikler dowam eder diýdi.

Ol soňra hem halkara güýçleriniň çekilmegi işlenip taýýarlanmasa, “beýleki meseleler hakda öňe gidişlik mümkin däl” diýip sözüniň üstüne goşdy.

“Reuters” habar gullugynyň Kataryň Daşary işler ministrliginiň bir resmisine salgylanyp bildirmegine görä, “Talyban” bilen Birleşen Ştatlar arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň indiki tapgyry häzirlikçe 25-nji fewrala bellenipdir.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG