Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowanyň premýer-ministri Serbiýa bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin konferensiýany teklip edýär


Kosowanyň premýer-ministri Ramuş Haradinaj
Kosowanyň premýer-ministri Ramuş Haradinaj

Kosowanyň premýer-ministri Serbiýa bilen gatnaşyklary gowulandyrmak ugrundaky soňky ylalaşygyň üstünde işlemek maksady bilen halkara konferensiýany geçirmegi teklip etdi.

Ramuş Haradinaj Facebook sahypasynda çap edilen hatda degişli teklibiň ABŞ, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we Britaniýa ýollanandygyny mälim etdi.

Haradinaj hatynda ylalaşygyň netijesinde Kosowanyň serb önümlerine garşy girizen tariffleriniň dessine aradan aýryljakdygyny aýtdy. Emma, ol dokumentde serhet araçäkleriniň üýtgedilmegi ýaly ýagdaýlaryň göz öňünde tutulmajakdygyny, sebäbi munuň Balkanlardaky köne duşmançylygy gaýtadan öjükdirip biljekdigini duýdurdy.

“Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi Kosowanyň häzirki serhet araçäkleriniň täzeden kesgitlenmegi, Kosowanyň bölünmegi ýa-da ýerleriň alyş-çalyşy ýaly hiç hili ýagdaýlaryň bolup bilmejekdigi bilen ylalaşmaly” diýip, hatda bellenilýär.

Hatyň mazmuny boýunça Serbiýa häzirlikçe resmi ýagdaýda çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG