Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda hususy ulagynda ýük çekýän awtoulag eýelerinden lisenziýa talap edilýär


Aşgabadyň köçesindäki tentli ýük ulag

Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri öz hususy ulagynda ýük çekýän awtoulag eýelerini saklap, lisenziýasy bolmadyk sürüjilere jerime salyp başladylar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, dükanlaryň ýa-da kiçi firmalaryň ýüküni çekýän hususy eýeçilikdäki awtoulag eýelerine garşy alnyp barylýan bu çäre indi bir hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýär.

“Olar ilki bilen ulag eýelerinden patentlerini talap edýärler. Eger-de sürüjiniň patendi bar bolsa, onda olar ýurduň salgyt gullugyna paçlaryny wagtynda töleýärmi – şol barlanýar. Hemme zat düzüw bolsa, soňra-da lisenziýany soraýarlar. Lisenziýa, rugsatnama bolmasa, ulag eýelerine 300 manat möçberinde jerime salýarlar” diýip, habarçy anonim şertde maglumat beren aşgabatly ýük ulag eýeleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, PÝGG-niň işgärleri ikinji gezek saklanan ýük ulag sürüjilerine 500 manat möçberinde jerime salynjakdygyny, üçünji gezek saklananlaryň bolsa, ulagynyň elinden alynjakdygyny hem duýdurýarlar.

Paýtagtyň PÝGG-niň işgärleri tarapyndan saklanýan ulaglar esasan “Gazel” diýlip atlandyrylýan awtoulaglar bolup, olaryň ýük göterijilik ukyby 1,2 – 2,5 tonna aralygyndadyr.

Ýük ulag eýeleri häzirki güne çenli özlerinden lisenziýanyň däl-de, diňe özleriniň ýük çekip biljekdigi hakyndaky patendiň we ýurduň salgyt gullugyna tölän döwlet pajynyň resminamasynyň talap edilendigini aýdýarlar.

Şeýle-de, olar PÝGG-niň işgärleriniň özlerinden lisenziýanyň talap edilýändigi baradaky resminamany görkezmekden ýüz öwürýändiklerini hem belleýärler.

“Biz ençeme ýyl bäri patendimiz üçin her ýylda 1400 manat we aýlyk girdejimiziň hem 10%-ni salgyt gullugyna töläp gelýäris. Bize lisenziýanyň hökmanydygy barada hiç ýerde bildiriş edilmedi” diýip, aşgabatly ýük ulag eýeleriniň biri Azatlygyň habarçysyna anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýük ulag eýelerine salynýan jerime we olardan talap edilýän lisenziýa barada maglumat almak üçin paýtagtyň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariýa almak başartmady.

Türkmenistanda öz hususy eýeçilikdäki ulaglarynda ýük çekýän awtoulag eýelerine garşy görülýän çäreler mundan dört ýyl çemesi ozal başlanypdy.

Soňky gezek 2017-nji ýylda paýtagtyň köçelerinde üsti tent bilen örtülen ulaglardan tentlerini aýyrmak talap edilipdi. Şeýle-de, sürüjilerden awtoulaglar eýelerinden özleriniň beýleki rugsatnamalar bilen bir hatarda, haýsy ýükleri çekip biljekdikleri barada ýörite lisenziýa talap edilipdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen bu talaplar öz-özünden aradan aýrylypdy.

Häzirki wagt bu talabyň Aşgabatda gaýtadan güýçlendirilmegi, Türkmenistanyň ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ministrlikleri, pudak edaralaryny birleşdirip, transport ulgamyny hususylaşdyrmak barada karar kabul eden mahalyna gabat geldi.​

30-njy ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýeti döwlete degişlilikden bazar görnüşine geçirmelidigini nygtady we Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmek barada karara gol çekdi. Ýurduň transport ulgamyna degişli ministrlikleriň we gulluklaryň ählisini bu ministrligiň garamagyna berdi.

Aşgabatly ýük ulag eýeleri özleriniň lisenziýa almak üçin Türkmenistanyň Demir ýol we Awtomobil ulaglary, şeýle-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliklerine barandygyny, bu ýerde özlerine ýene 40 gün çemesi garaşmagy maslahat berendiklerini aýdýarlar.

“Bize ministrliklerde täze üýtgeşmeleriň geçirilýändigi sebäpli lisenziýany almak prosesiniň bir ýarym aý çemesi dowam edip biljekdigini duýdurdylar. Ministrlikleriň, kärhanalaryň işiniň nähili amal ediljekdigini özleriniň hem bilmeýändiklerini aýtdylar. Bir ýarym aý işimiz saklansa, gazanç etmesek, maşgalamyzy nädip aýlarys?” diýip, aşgabatly ýük ulag eýesi sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG