Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telefonyndan Fransiýadaky sary keltekçelileriň suraty çykan okuwçynyň ýüzüne şarpyk çalyndy


Mekdep okuwçylary. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri Aşgabadyň mekdeplerine aýlanyp, okuwçylaryň mobil telefonlaryny barlaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, indi bir hepde gowrak wagt bäri dowam edýän bu çäre duýdansyz geçirilýär. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri esasan-da, ýokary synp okuwçylaryň telefonlaryny barlaýarlar.

“Mekdep ýolbaşçylarynyň biri ýa-da ikisi bilen bilelikde, başga-da 3-4 adam sapaklaryň dowam edýän mahaly klasa girýärler. Mekdep ýolbaşçylary “Telefonlaryňyzy çykaryp, partanyň üstünde goýuň” diýýärler. Şol adamlar hem ýeke-ýekeden telefonlary alyp, içiniň suratlaryny, wideolaryny we beýleki zatlaryny barlaýarlar. Olaryň näme gözleýändigi ýa-da barlaýandygy barada okuwçylara maglumat berilmeýär” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy mekdep okuwçylarynyň we olaryň ene-atalarynyň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Habarçy şeýle barlaglaryň biriniň Aşgabadyň Gaudan “W” etrapçasyndaky 18-nji mekdepde geçirilendigini we telefonyndan Fransiýadaky sary keltekçelileriň suraty çykan okuwçylary biriniň ýüzüne şarpyk çalynandygyny hem aýtdy.

“Bu mekdepde barlaglar 1-nji fewralda geçirildi. Şonda okuwçylaryň biriniň telefonyndan Fransiýada sary keltekçede protest geçirýänleriň suraty çykypdyr. Ony bada-bat soraga çekip başlapdyrlar. Ondan bu suratyň näme sebäpden telefonynda bardygyny sorap, ýüzüne ençeme gezek şarpyk çalypdyrlar” diýip, habarçy belledi.

Ol bu okuwçynyň soňky ykbaly barada häzirlikçe özünde hiç hili maglumatyň ýokdugyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtyň 18-nji mekdebi bilen habarlaşyp, bu barada kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady. Şeýle-de, bu barlaglaryň geçirilmeginiň sebäpleri barada Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginden hem maglumat alyp bolmady.

Aşgabatly ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi ýurduň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan okuwçylara garşy amal edilýän bu çäräni adamlaryň maglumat almak ýa-da edinmek hukuklarynyň gös-göni depelenmegi diýip häsiýetlendirýärler.

Belläp geçsek, türkmen howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň paýtagtyň mekdeplerinde geçirýän bu barlaglary, ýurtda mekdep okuwçylaryna edilýän gözegçiligiň güýçlendirilen we telefonlarda VPN tilsimleriniň petiklenendigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

30-njy ýanwarda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy ýurtda Google Play tilsiminiň hem petiklenendigini, telefon ussalarynyň hem ýaşaýjylaryň telefonlaryna VPN gurnap bermeýändigini habar berdi.

Ýene-de şol güni okuw wagtynda metjide namaz okamaga gidýän mekdep okuwçylaryna gözegçiligiň güýçlendirilendigini, paýtagtly habarçy gürrüň beripdi.

“Soňky on-on bäş günde metjide juma namazyna baran oglanlary namaz okamaga goýbermeýärler, “siziň din bilen näme işiňiz bar, baryň, gidiň-de okuwyňyzy okaň” diýip, raýat eşikli adamlar ýaş oglanlary metjitden kowýarlar” diýip, namaza goýberilmedik oglanlaryň ene-atalary Azatlygyň habarçysyna gürrüň beripdiler.

Mundan başga, metjide namaz okamaga barýan mekdep okuwçylarynyň atlaryny, adreslerini anyklap, etrap bilim bölümleriniň, güýç gurluşlarynyň işgärleri oglanlaryň okaýan mekdeplerine gelip, mekdep ýolbaşçylary, mugallymlar bilen hem gürrüň geçirýärler.

Galyberse-de, 28-nji ýanwarda Azatlygyň habarçysy Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň studentlerden özleriniň gyşky dynç alyş möwsümi döwründe mobil telefonlary ulanmajakdyklary, Internetden peýdalanmajakdyklary hakynda dil haty alandyklaryny habar berdi.

Halkara guramalarynyň metbugat we internet azatlygy boýunça çap edýän ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna tankyt edilip, dünýäde iň ýaramaz görkezijilere eýe ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG