Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus deňizçileri 10 tonna golaý kokain bilen saklandy


Saklanan kokain ýüki
Saklanan kokain ýüki

Kape-Werde atlantik adalarynyň polisiýasy paýtagt portuna gelen gämiden 10 tonna golaý kokaini konfiskasiýa edendigini we 11 sany rus deňizçisini tussag edendigini aýdýar.

Polisiýa 1-nji fewralda bu tutulan neşe maddasynyň ada ýurdunyň taryhynda ele salnan iň uly möçberdäki neşe bolandygyny aýtdy.

Kape-Werde Afrikanyň günbatar kenarlarynda adalar topary bolup, ol ýerde latyn amerikan kokanini Günbatar Afrikanyň üsti bilen Ýewropa aşyrýan neşe gaçakçylary bilen uzak wagt bäri darkaş gurýan 500 müň çemesi ilat ýaşaýar.

Kape-Werdedäki rus ilçihanasy rus deňizçileriniň 2-nji fewralda sud öňüne çykaryljagy barada maglumat alandygyny aýtdy.

Polisiýa resmileri 9.5 tonna kokainiň gämi gije ekipaž agzalarynyň biriniň ölümi sebäpli Praýa portunda saklananda tapylandygyny aýtdy. Bu gämi Günorta Amerikadan Morokka barýan eken.

XS
SM
MD
LG