Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa döwletleri Guaýdony Wenezuelanyň prezidenti hökmünde ykrar etmäge taýýarlanýar


Wenezulanyň iki lideri - Nikolas Maduro we Huan Guaýdo
Wenezulanyň iki lideri - Nikolas Maduro we Huan Guaýdo

Prezident Nikolas Maduranyň täze saýlawlary jar etmegine berlen sekiz günlük möhletiň 3-nji fewralda soňlanmagy bilen, Ýewropa Bileleşiginiň ýedi ýurdy Huan Guaýdony Wenezuelanyň prezidenti hökmünde ykrar etmäge taýýarlanýar.

Maduro Germaniýanyň, Fransiýanyň, Spaniýanyň, Portugalyň, Niderlandiýanyň we Belgiýanyň talaplaryny “bihaýalyk” hökmünde ret etdi.

Maduro 2-nji fewralda Karakasda öz tarapdarlarynyň ýüşmeleňinde çykyş edip, “Wenezuelanyň hakyky prezidenti men” diýdi. Birleşen Ştatlar, Kanada, şeýle-de esasy regional oýunçylary, şol sanda Brazil, Kolomiýa we Argentina bireýýäm Guaýdony goldady.

Beýleki ýurtlar, şol sanda Wenezuelanyň sosialist hökümeti bilen harby baglanyşyklary bolan Orsýet Madurony goldaýar.

XS
SM
MD
LG