Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýik Britaniýa: “Türkmenhowaýollarynyň” Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçuşlary togtadyldy


“Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň uçary
“Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň uçary

Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtatdy. Bu baradaky habar 4-nji fewrlada Beýik Britaniýanyň hökümet websaýtynda çap edildi.

“Gov.uk” websaýtyndaky habarda aýdylmagyna görä, häzirki wagt Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasyndan özüniň halkara howa howpsuzlygy standartlaryna gabat gelýändigini subut etmegine ýa-da tassyklatmagyna garaşýar. Ýöne bu standartlaryň nämeleri öz içine alýandygy häzirlikçe aýdyňlaşdyrylmaýar.

“Bu kararyň netijesinde “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Beýik Britaniýa (Londonyň “Heathrow” we “Birmingham” aeroportlary) bilen Türkmenistanyň (Aşgabat) arasynda uçuşlary amala aşyrmagyna rugsat berilmeýär” diýlip, Beýik Britaniýanyň hökümet websaýtynda aýdylýar.

Habarda “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasy bilen syýahat etmegi göz öňünde tutan ýolagçylara bu howaýollary gullugy bilen habarlaşmak maslahat berilýär.

Britaniýanyň “The Independent” neşiri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasyna gadagançylyk girizmegi netijesinde häzirki wagt müňlerçe britan ýolagçysynyň uçuşlarynyň goýbolsun edilendigini mälim etdi. Neşir bu ýolagçylaryň sanynyň 5 müňe barabardygyny çaklaýar.

4-nji fewralda çap edilen habarda Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasynyň Aşgabadyň üsti bilen “Heathrow” we “Birmingham” aeroportlaryndan Deli we Amritsar şäherlerine uçuşlary amala aşyrandygyna üns çekilip, munuň Beýik Britaniýa bilen Hindistanyň arasyndaky esasy köp gatnawly ugurlaryň biridigi bellenilýär.

“Gadagançylyk aradan aýrylýança ýa-da Beýik Britaniýa Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň (EASA) düzgünlerini berjaý etmegi bes edýänçä, Türkmenistan howaýollary kompaniýasynyň duşenbe güni 5:40-da Birmingham aeroportunda amala aşyrmaly uçuşy, şol sanda beýleki ähli operasiýalary goýbolsun edildi” diýlip, neşiriň habarynda nygtalýar.

Aýdylmagyna görä, “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasy her hepde Aşgabada Birminghamdan bäş, Heathrowdan bir uçuşy amala aşyrýardy. Kompaniýa dürli uçarlar, şol sanda 27 ýaşyndaky Boeing 757 uçary arkaly uçuşlary ýerine ýetirýär.

“Ýakynda Heathrowdan we Birminghamdan amala aşyrylan reýsler Boeing 737-800 uçarlary arkaly ýerine ýetirildi. Bu uçarlar 3 müň mili öz içine alýan uçuşlarda aralyk boýunça kesgitlenen çäklendirmelere ýakynlaşýar” diýlip, “The Independent” neşiri ýazýar.

Şol bir wagtda, neşir Sowet Soýuzy dargandan soňra, 1992-nji ýylda döredilen “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň hiç haçan betbagtçylyga uçramandygyna hem ünsi çekýär.

Ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň resmi websaýtynda ýa-da Türkmenistanyň döwlet metbugatynda häzirlikçe hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky, şeýle-de Beýik Britaniýadaky we Germaniýadaky edaralary bilen habarlaşmak synanyşyklary hem häzirlikçe başa barmady.

“Türkmenhowaýollarynyň” Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçuşlary togtadylmagy, Türkmenistanyň ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ministrlikleri, pudak edaralaryny birleşdirip, transport ulgamyny hususylaşdyrmak barada karar kabul eden mahalyna gabat geldi.​

30-njy ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýeti döwlete degişlilikden bazar görnüşine geçirmelidigini nygtady we Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmek barada karara gol çekdi. Geçen ýyl ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülen “Türkmenhowaýollary” agentligi hem bu täze ministrlige berkidildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG