Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda duýdansyz ýowar geçirildi


Illýustrasiýa suraty

2-nji fewralda Aşgabat şäheriniň 50-den gowrak mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary duýdansyz ýowara çykaryldy. Aşgabat şäher we etrap bilim bölümleri mekdep müdrilerine ýowar boýunça görkezmäni şenbe güni irden berdi.

Azatlyk Radiosynyň paýtgatly habarçysy duýdansyz geçirilen ýowar barada 4-nji fewralda giňişleýin maglumat berdi.

“Öňünden hiç hili yglan edilmezden geçen hepdäniň şenbe güni Aşgabat şäheriniň merkezinde ýerleşýän 50-den gowrak mekdepde ýowar yglan edildi. Ýowaryň yglan ediljegini hatda hepdäniň anna güni-de mekdep ýolbaşçylarynyň özleri-de bilmeýän ekeni. Olara şenbe güni irden jaň edilip, şol günüň ýowardygy aýdyldy hem-de Aşgabat şäherinde ýerleşýän 50-den gowrak mekdepde okuwlar ýatyrylyp, mekdepleriň ýokary klas okuwçylary hem-de mugallymlary ýowara çykaryldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy onlarça mekdep ýolbaşçysyna salgylanyp maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, ýowara gatnaşdyrylanlar iki topara bölündi. Olaryň birinji topary Aşgabat şäheriniň protokol köçeleriniň ugrundaky baglaryň düýbüni ýumşatmak, dökülen ýapraklary süpürip aýyrmak işlerine çekildi. Şeýle-de, birinji topar baglaryň şahalaryndan dökülmän, saralyp oturan ýapraklary ýörite çybyklar bilen urup, düşürip, soňundan olary süpürip almak işleri bilen hem meşgul boldy. Galyberse-de olar özlerine paýlanyp berlen seýilgählerde güýzden galan haşal otlary aýyrmak işlerine-de gatnaşdy.

Ýowara gatnaşanlaryň ikinji topary şenbe güni Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän “Arçabil”, “Çandybil” we Köptedagyň etegindäki şaýolyň ugrundaky baglaryň düýbüni ýumşatmak, ýollary arassalamak işlerine çekildi.

Bu çäreler Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Beridmuhamedowyň ýekşenbe güni Aşgabadyň günortasyndaky Ahalteke Atçylyk topluma baryp görmeginden hem-de Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenje çykmagyndan bir gün öňe gabat geldi.

Habarçynyň maglumatyna görä, prezidentiň ýekşenbe güni Aşgabadyň günortasyna barmak üçin haýsy ýoly saýlap aljagy öňünden mälim bolmansoň, häkimiýetler ýowara gatnaşyjylara Atçylyk toplumyna çykýan üç şaýoluň üçüsini-de arassalatdy.

Türkmen döwlet telewideniýesiniň maglumatlaryna görä, ýekşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde Welosipedli gezelenje etdi hem-de Ahalteke Atçylyk toplumyna baryp gördi.

Döwlet telewideniýesi Köpetdagyň eteginde prezidentiň “täze agaç nahallary ekilip, giňeldilýän tokaý zolaklaryny synlandygyny” habar berdi.

Türkmenistanda ýylyň dowamynda iki gezek, güýz hem-de bahar paslynda, köpçülikleýin ýowar geçirilýär. Döwlet mediasy bu çäreleri “zähmet ýeňişi” häsiýetlendirýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtgatly habarçysy, onlarça magaryfçynyň sözlerine salgylanyp, şenbe güni geçirilen ýowaryň bahar paslynda geçiriljek ähluhalk ýowaryna çenli her hepde gaýtalanjakdygyny habar berdi.

“Howa juda bulaşyp, gar ýagyp, ýer doňup durmasa tä Nowruz baýramynyň öňýany geçiriljek ählihalk ýowaryna çenli her şenbe güni Aşgabadyň mekdeplerinde ýokary klas okuwçylary hem-de mugallymlary ýowara çykmaly edildi” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, 2-nji fewralda geçirilen duýdansyz ýowara diňe Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän mekdepler gatnaşdyryldy, paýtagtyň gyrasynda ýerleşýän mekdepler oňa çekilmedi.

Türkmenistanyň ähli regionlarynda we paýtagt Aşgabatda soňky sapar geçen ýylyň 17-nji oktýabr güni Ählihalk ýowary geçirildi. Oňa bilim pudagynyň işgärleri, studentler, mekdep okuwçylary, şeýle-de medeniýet işgärleri gatnaşdyryldy.

2018-nji ýylyň fewral aýynda prezident Berdimuhamedow ýylyň dowamynda tutuş ýurt boýunça 3 million düýp bag oturtmak barada tabşyryk beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG